Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam ýarag bidüzgünçiligine garşy “ýörite” planyň ýokdugyny aýdýar


"Sendi Huk" mekdebinde öldürilen çagalaryň hatyrasyna goýlan ak bägüller, Nýu-Taun, Konnektikut, 17-nji dekabr, 2012
"Sendi Huk" mekdebinde öldürilen çagalaryň hatyrasyna goýlan ak bägüller, Nýu-Taun, Konnektikut, 17-nji dekabr, 2012
Ak Tam köpçülikleýin ok atyşlygyň öňüni almak üçin häzirlikçe “ýörite” teklibiň ýokdugyny aýdýar.

Prezident Barak Obama 14-nji dekabrda Konnektikut ştatynda ýerleşýän mekdepde bolan ok atyşlykda heläk bolan 26 adamyň ölümi bilen baglylykda öz prezidentlik ygtyýarlygyny ulanyp, şeýle köpçülikleýin gyrgynçylygy azaltmak üçin çalyşjakdygyna söz berdi. Şol atyşykda ölenleriň 20-si 6-7 ýaşlaryndaky çagalardy.

Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karni 17-nji dekabrda eden çykyşynda ýaragly bidüzgünçiligiň öňüni almaklygyň çylşyrymlydygyny we oňa “has giňişleýin çemeleşilmelidigini” aýtdy. Ol bu meseläniň ýarag barada kanunyň sanyny köpeltmek ýa-da çäklendirmeleri girizmek bilen çözülmeýändigini nygtady.

“Bu çylşyrymly mesele. Muňa kompleksleýin çemeleşmeli. Bu meseläni bir kanun ýa-da bir hereket bilen çözüp bolmaýar”.

Ýarag gözegçiligine zerurlyk

Obamanyň Demokratik partiýasynyň agzalary we beýleki resmiler, şol sanda Konnektikutyň häkimi Konnektikut ştatynyň Nýu-Taun şäherinde gyrgynçylygyň ýüze çykmagy bilen ýaraga gözegçilik edýän kanuny berkitmeklige çagyryş etdiler.

17-nji dekabrda alty ýaşly iki sany oglanjygyň jaýlanmagy bilen Nýu-Taun şäherinde ölenleriň jaýlanyş çäresi başlandy.

Gyrgynçylykda heläk bolanlaryň sany - 28, olaryň arasynda ýaragly hüjüm eden Adam Lanzanyň özi we Lanzanyň öz eli bilen öldürildi diýilýän ejesi hem bar. Bu gyrgynçylyk gazaplylygy boýunça ABŞ-nyň taryhynda ikinji hasaplanýar. Mundan ozal 2007-nji ýylda Wirjiniada bolan köpçülikleýin ok atyşlykda 32 adam öldürilipdi.

Şu ýylyň dowamynda Amerikada birnäçe köpçülikleýin ok atyşlyk boldy, şol sanda iýul aýynda Kolorado ştatyndaky kinoteatrda 12 adam atylyp öldürildi.

Ýarag edinmek hukugyny öňe sürýän ABŞ-nyň iň meşhur Tüpeň milli assosiýasiýasy Konnektikutdaky ok atyşlykdan soň köpçüligiň komentariýasyndan ýüz öwürdi.

Žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Ak Tamyň sözçüsi Karni ýarym-awtomat tüpeňleriň gadagançylygyny dikeltmegi Obamanyň goldaýandygyny tassyklady.

Konnektikutdaky ok atyşlykda ulanylan tüpeň ýaly ýaragy gadagan edýän kanun 10 ýyldan soň 2004-nji ýylda güýjüni ýitirdi.

Käbir kanun çykaryjylar bu kanuny dikeltmäge, şeýle hem tizlik bilen ot açýan ýaraglaryň satuwyny gadagan etmeklige çagyryş etdiler.

Şol bir wagtyň özünde psihiki näsaglara, höküm edilenlere we beýleki howply adamlara kanuny ýagdaýda ýarag satmaklygyň ýurt boýunça öňüni almak barada hem teklipler maslahat edildi.

Sülçüleriň aýtmaklaryna görä, Lanza “Sendi Huk” başlangyç mekdebinde gyrgynçylygy amala aşyranda Buşmaster AR-15 kysymly tüpeň, ABŞ-nyň harby M-16 kysymly ýaragynyň graždanlar üçin niýetlenen görnüşi, iki sapança hem-de ýüzlerçe ok-däri bilen ýaraglanypdyr.

Resmileriň maglumatlaryna laýyklykda, Lanza ok atyp başlanyndan 10 minut soň polisiýa ony gabanynda, ol özüni hem atyp öldüripdir.

Federal taslamasy talap edilýär

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Konnektikutdaky ok atyşlyga jogap bermek boýunça Obama wise-prezident Jo Baýden, ministrler kabinetiniň agzalary, şol sanda Baş prokuror Erik Holder, bilim ministri Arne Dunkan, saglyk we sosial hyzmaty boýunça ministr Ketlin Sibelius bilen 17-nji dekabrda maslat geçiripdir.

Konnektikut ştatynyň häkimi Dannel Malloý, Nýu-Taun, Konnektikut
Konnektikut ştatynyň häkimi Dannel Malloý, Nýu-Taun, Konnektikut
Konnektikut ştatynyň häkimi Dannel Malloý güýçli ýaragy we ok-därileri gadagan edýän “federal taslamasynyň” kabul edilmegine çagyryş etdi.

17-nji dekabrda žurnalistleriň öňünde ol şeýle diýdi:

“Hakykatda güýçli ýaraglary edinmek giňden ýaýrady we aňsatlaşdy. Siziň soragyňyz Konnektikut ştatynda muňa rugsat berýän kanunlaryň hereket etmegi bilen bagly. Ulanylýan ýaraglaryň we ok-därileriň güýjüni çäklendirýän federal derejesinde taslama bolmasa, aýratyn ştatyň öz kanunlary bilen howpsuzlygy üpjün edip bolmaz”.

ABŞ-da ýarag edinmek hukugy Konstitusiýanyň Ikinji düzedişinde kepillendirilýär.
XS
SM
MD
LG