Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi 'sionisitik' Facebook-dan hasap açdy


Hameneýiniň "Facebook" saýtynda ýerleşdirilen bir suratda, ol (äýnekli) Eýran yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýatolla Ruhollah Homeýniniň yzyndan ýöräp barýar.

Hameneýiniň "Facebook" saýtynda ýerleşdirilen bir suratda, ol (äýnekli) Eýran yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýatolla Ruhollah Homeýniniň yzyndan ýöräp barýar.

Twitter, Google+ we surat paýlaşma ulgamy bolan Instagramyň işjeň ulanyjylarynyň biri bolan Hameneýi ýaňy-ýakynda ozal Eýran häkimiýetleri tarapyndan "sionisitik" serişde, "ýumşak urşuň" guraly diýip atlandyrylyp, öňi baglanyp gelnen "Facebook" jemgyýetçilik ulgamyna goşuldy.

Eýran lideriniň Facebook saýty "Khamenei.ir" 13-nji dekabrda ýola goýuldy. Häzir ony gowy görýän ulanyjylaryň sany üç müňden hem geçýär.

"Facebook" ulgamyna goşulmak Hameneýiniň media düşünjeli internet toparynyň iň täze göçümi. Bu topar onuň "pikirlerini we şahsyýetini" dürli dillerde internet älemine ýaýradýar. Hameneýiniň çylşyrymly "Khamenei.ir" saýtyny hem 13 dilde şu topar dolandyrýar.

Eýranly žurnalist Hadi Niliniň bellemegine görä, ýurtda höküm sürýänler öz pikirlerini ýaýratmak üçin dürli serişdelerden peýdalanýarlar: "Eýran iňlis dilinde "Press TW", ispan dilinde "Hispanik TW" ýa-da arap dilinde telekanallary ýola goýşy ýaly, edil şol maksat bilen hem "Facebook" we "Twitterden" peýdalanýar. Bular hem arzan, hem-de ulanmagy aňsat".

Niliniň pikiriçe, Hameneýiniň saýtyna üns berenler köplenç çet ýurtlular bolar. "Facebook" saýtyny ulanýan eýranlylaryň ony gyzgyn garşylamagy ähtimal däl. Bu ulgamdan peýdalanýan eýranlylaryň aglabasy oňa özara baglanyşyk gurmak üçin girýärler. Bu ulgamda köplenç hem döwlet senzurasy, basyş astyndaky oppozisiýa ýa-da syýasy tussaglary goldamak barada internetde barýan kampaniýa ýaly ýurtda gadagan hasaplanýan meseleler hakda pikir alşylýar.

2009-njy ýylda köçelerde geçen hökümete garşy protestlerde oppozision hereketiň nähili zulum-sütem astyndadygyny dokumentleşdirmek üçin aktiwistler "Facebook" ýa "YouTube" ýaly saýtlardan peýdalandylar.

Hameneýiniň "Facebook" saýtynda häzir dört zat ýerleşdirilipdir. Bularyň biri bir surat. Onda ýaş Hameneýi Eýran yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýatolla Ruhollah Homeýniniň yzyndan ýöräp barýar.

Bulara gelen teswirleriň käbirinde öwgüli sözler aýdylyp, käbirinde Hameneýi, onuň döwlet syýasaty, şeýle hem internet senzurasy tankyt astyna alynýar.

Biri Hameneýiniň "Facebook" ulgamyna goşulmagyny öwüp, munuň eýranly ýaşlara öz pikiriňi ýetirmek üçin bir mümkinçilikdigini belleýär. Ýene biri: "Sen Eýrana uly hyzmatlar etdiň. Bular hem korrupsiýanyň, jelepçiligiň we ýalançylygyň ýaýramagy" diýip ýazýar.

"Facebook" saýtyny dolandyrýanlaryň geljekde bular ýaly teswirleriň we tankytlaryň saýtda peýda bolmagyna ýol berjekdikleri belli däl. Sebäbi Eýranyň Baş kanuny boýunça dini we syýasy lideri tankytlamak "gyzyl çyzyk" hasaplanýar. Bu çyzykdan çykanlaryň türmä düşmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG