Hatyň sözbaşysy: "Gadyrly, Gülnara" diýip başlasa-da, onuň yzy repressiw Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulmalarynyň ýiti ýagdaýlarynyň sanawy bilen dowam edýär. Üns merkezinde bolan Gülnara Karimowa ýurduň diktator lideri bolan Yslam Karimowyň gyzydyr.
Brýusseldäki halkara krizis toparynyň aragatnaşyk boýunça müdiri Endrýu Stroehleýn dekabryň başynda prezidentiň gyzy bilen Twitterde täsin jedele gireninden soň Gülnara Karimowa hat ýazdy.
Iki sagadyň dowamynda 40-dan gowrak twit alyş-çalyş edilip, Stroehleýn öz ýurdunyň BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekili bolan Gülnara Karimowany Özbegistanda syýasy garşydaşlaryň we aktiwistleriň tussag edilip olaryň hak-hukuklarynyň kemsidilmeginiň, pagta senagatynda mejbury zähmet çekdirilmeleriň we 2005-nji ýylda Andijanda bolan gandöküşiklik baradaky maglumatlaryň gizlenmegi babatdaky problemalary çözmäge çagyrdy.
Karimowa Stroehleýniň öz beýanatlaryny "takyk" subutnamalar bilen tassyklan badyna onuň bilen "her bir" ýagdaý barada gürrüň etjekdigini aýdyp, twit ýazdy.
Stroehleýniň 12-nji dekabrda ýazan hatynda käbir tassyklanan wakalar, şol sanda 10 ýyldan bäri Özbegistanyň BMG-niň ýörite wekillerine ýurda girmäge rugsat berilmeýänligi agzalyp geçilýär.
Stroehleýn problemanyň çözgüdini tapmak BMG-niň wekili hökmünde gönüden-göni Gülnara Karimowanyň işidigini aýdýar: "Bu onuň aslynda etmeli işidir. Оl zorluklar boýunça ýörite dokladçylaryň, şeýle hem BMG-niň din azatlygy ýa-da aýallara garşy zorluklar boýunça aýratyn baglanyşygy bolan adamlarynyň ýurda saparlaryny aňsatlaşdyrmaly. Bu onuň işi".
40 ýaşly Karimowa awtokrat atasynyň ýakyn ýarany diýip hasaplanylýar. 2015-nji yylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Karimowanyň oz kakasynyň ornuny tutmagynyň mümkindigi hem aýdylypdy.
"Ogry baron"
Karimowa "ogry baron" hökmünde suratlandyrylyp, onuň maşgalasynyň milliardlarça diýip hasap edilýän baýlygyny Özbegistanda iş alyp barýan, şeýle hem ýurduň bazaryna aralaşmak isleýälerden, şirketlerden uly möçberde para alyp gazanandygy aýdylýar.
Şwed telewideniýesinde görkezilen dokumental film Karimowanyň 2007-nji ýylda düýbi Stokgolmda ýerleşýän TeliaSonera telekommunikasiýa kompaniýasyndan 250 million dollara barabar para alandygyny öňe sürdi.
Özbegistan 30 million ilaty bilen Merkezi Aziýada iň köp ilatly ýurtlaryň biri bolup, ol adam hukuklaryny depeleýän ýurtlatryň sanawyna girizilip gelinýär.
Özbegistan Freedom House guramasynyň ýakynda çap eden "ýaramazlaryň ýaramazy" atly hasabatynda 2012-nji ýyl boýunça dünýäde adam hukuklaryny bozujy iň pes görkezijä eýe bolan dokuz ýurduň arasynda ýerleşdirildi.
Karimowanyň Twitterdäki duýdansyz syýasy diskussiýasy BBC-niň habarçysy Natalia Antelawa, barlagçy Neýt Şenkan we beýlekiler bilen dowam etdi. Bu käbir adamlar tarapyndan oňyn garşylandy, emma Halkara Krizis toparynyň wekili Stroehleýniň pikiriçe, bu ýagdaý uzak dowam etmez: "Ol problemalary alada edinermi? Meniň pikirimçe, bu baradaky mümkinçilik örän çäkli. Emma kim bilýär? Iki hepde mundan öň biz onuň Twitterde iki sagatlyk çekişmä girjekdigini hem bilmeýärdik. Şonuň üçin bir zadyň bolmagyna 0.01% mümkinçilik bolsa-da, biz synanyşmaly".