Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çaweziň saglyk ýagdaýynyň “kadalydygy” aýdylýar


Wenesuellanyň hökümeti prezident Ugo Çaweziň saglygynyň “durnukly” ýagdaýdadygyny yglan etdi. Ol bedeninden rak ösüntgilerini aýyrmak boýunça geçiren operasiýasyndan soň, dem alyş ýollaryna düşen infeksiýa sebäpli, goşmaça bejergi alýar.

58 ýaşly Çawez, häzirki wagtda Kubanyň keselhanalarynyň birinde özüne seretdirýär. Ol bir hepde öň rak keselinden operasiýa bolmak üçin hassahana ýerleşipdi.

Wenesuellanyň maglumat ministri Ernesto Willegas, dem alyş ýollaryndaky infeksiýanyň Çaweziň lukmanlary tarapyndan “gözegçilige” alnandygyny we prezidentiň “doly dynç almak” isleýändigi barada görkezme berendigini mälim etdi.

Çawez, 14 ýyldan bäri Wenesuella ýolbaşçylyk edýär. Ol oktýabr aýynda gaýtadan prezidentlige saýlanypdy. Ol 10-njy ýanwarda prezidentliginiň täze möhleti üçin kasam etmeli.

Çawez Orsýetiň, Eýranyň we Belarusyň ýaranydyr.
XS
SM
MD
LG