Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Poliomielit işgärlerine gaýtadan hüjüm edildi


Pakistanda poliomielit keseline garşy sanjym işini alyp barýan bir işgär, ýaragly adam tarapyndan edilen hüjümde atylyp, ýaralandy. Bu barada Pakistanyň resmileri habar berýär.

Bu hüjüm, çarşenbe güni Peşawar şäheriniň demirgazyk-günbatarynda bolup geçdi. Mundan ozal, duşenbe we sişenbe günleri wakansiýalaşdyrmak programmasyndaky alty saglyk işgäri atylyp öldürilipdi.

Şolaryň biri sişenbe güni Peşawarda, galanlary bolsa Karaçi şäherinde atylyp öldürilipdi. Amala aşyrylan bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Ýöne Talyban ekstremistleri, mundan öň wakasiýalaşdyrmak programmasyny “Günbataryň içalylygy üçin örtgi” hökmünde häsiýetlendirip, ony ýatyrypdylar.

Bu öldürmeler, Karaçi welaýatynyň paýtagty Sind welaýatynda anti-poliomielit programmasynyň gyssagly soňa goýulmagyna getirdi.

Bütindünýä saglyk guramasy we BMG-niň çagalar fondy (UNICEF), hüjümçileri pakistanlylary esasy saglyk ätiýaçlygyndan mahrum etmekde ýazgardy.
Pakistan, Owganystan we Nigeriýa entäk hem poliomielit bar bolan ýeke täk ýurtlardyr.
XS
SM
MD
LG