Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Prezident Jalal Talabaniniň saglyk ýagdaýy gowulaşýar


Yragyň prezidenti Jalal Talabaniniň saglyk ýagdaýy gowulaşýar. Bu barada Yragyň resmileri habar berýär. Mundan ozal, onuň insulty başdan geçirendigi habar berilipdi.

79 ýaşly Talabani arteriýa ýollarynyň gatamagyndan ejir çekýär. Bu barada mundan ozal prezidentligiň web sahypasynda çap edilen beýanatda habar berilipdi.

Şol beýanatda, duşenbe güni prezidentiň “gyssagly saglyk kömegi” zerarly keselhana ýerleşdirilendigi aýdylýar.

2008-nji ýylda, ABŞ-da Talabaniniň ýüreginde operasiýa edilipdi.

Talabani “Kürdüstanyň Watançylyk bileleşigi” atly partiýanyň esasy döredijileriniň biri bolup, ol 2005-nji ýylda Yragyň arap bolmadyk ilkinji prezidenti boldy.
XS
SM
MD
LG