Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahyrzaman baradaky iň belli 10 çaklama


Älem
Älem
2012-nji ýylyň 21-nji dekabry - köpleriň ynanmagyna görä, şol gün Maýýalaryň kalendarynda "Uzak sanaw" diýip atlandyrylan döwür tamamlanar.

2003-nji ýyl - Ýaponiýaly Aum Şinrikýo sektasy 2003-nji ýylda ýadro urşy zerarly dünýäniň ýumruljakdygyny çaklapdy.

2000-nji ýyl - Y2K kompýuter näsazlyklary sebäpli, 'millennium' (müňýyllyk) ahyr zamanynyň boljakdygy çaklanypdy.

1999-nji ýyl - Nostradamusyň 1999-njy ýylyň ýedinji aýynda, asmandan "Terroryň şasy" geler diýen çaklamasy adamlarda ahyr zaman baradaky gorkyny döredipdi.

1997-nji ýyl - Marşal Aplwaýt tarapyndan düýbi tutulan "Dowzah derwezesi" atly sektanyň aýtmagyna görä, ýer şary saýrylar tarapyndan "süpürilip arassalanmalydy". Bu sektanyň 39 agzasy olaryň ruhlary Heýl-Bop kometasyny yzarlaýan kosmos gämisine äkidiler diýen ynam bilen bilelikde janlaryna kast edipdiler.

1914-nji ýyl - Hristian sektasy bolan Iýegowa şaýatlary ahyr zamanyň 1914-nji ýylda boljakdygyny aýdypdylar. Ondan bäri Iýegowa şaýatlary ahyr zamanyň geljekdigini ýedi gezek çaklapdylar.

1910-njy ýyl - Galleýa atly kometanyň gelmegine garaşyldy. Bu kometa her 75-76 ýyldan asmanda peýda bolup, adamlaryň arasynda ahyr zaman barada gep-gürrüň döredýär. Gorkýan adamlaryň köpüsi kometanyň guýrugynda zäherli gaz bolup onuň ýer ýüzündäki ähli janly zady ýok etjekdigine ynanýarlar.

1843-44-nji ýyllar - Amerikaly dini entuziast Wilýam Millere gollanýan Millerçiler Isa Mesihiň 1843-44 ýyllar aralygy ikinji gezek geljekdigine we ýer şaryny ot aljakdygyna ynanypdylar.

1666-njy ýyl - On ýedinji asyrda käbir adamlar ahyr zaman 1666-njy ýylda bolar diýip gorkupdylar. Sebäbi bu ýyldaky sanlar Injilde şeýtan bilen baglanyşdyrylýar.

500-nji ýyl - Rimli Ippolit, Ýuliý Afrikanus Sektus we Irineý Isanyň 500-nji ýylda dolanyp geljekdigine ynanypdylar.
XS
SM
MD
LG