Sepleriň elýeterliligi

Maýýa alymlarynyň 21-nji dekabra garaýyşlary


Maýýalaryň ýitip barýan dili

Maýýalaryň ýitip barýan dili

21-nji dekabrda ahyrzaman bolarmy? Käbir adamlar gadymy Maýýa siwilizasiýasynyň kalendaryna esaslanyp, şol gün dünýäniň soňunyň gelmeginden howatyrlanýarlar. Azatlyk Radiosy Maýýa siwilizasiýasy boýunça alym we antropolog Geoffreý Braswell bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Köp adamlar 21-nji dekabrda ahyrzamanyň bolmagyndan howatyr edýärler ýa-da iň bärkisi şol gün näme bolarka diýip gyzyklanýar. Bu baradaky gep-gürrüňleriň aglabasy Maýýa siwilizasiýasynyň kalendaryna esaslanyp edilýär. Maýýa siwilizasiýasy kalendar ýöretmek üçin dürli ugurlardan peýdalanypdyr. Siz bular barada içginräk gürrüň berip bilersiňizmi?

Braswell: Umuman, [maýýalarda] üç sany esasy kalendar bar. Olaryň biri ritual, ýagny 260 gün dowam edýän urp-adat kalendary, ikinji biri hem 365 günlük kalendar. Şol iki kalendar bilelikde her 52 ýylda gaýtalanýar.

Şol bir wagtda-da olaryň katuns atly 20 ýyly öz içine alýan kalendary hem bar. 20 katuns bir baktun bolýar. Şunlukda olar başdan-aýak hasap ýöredip gelýärler. Bu siziň ulagyňyzyň geçen ýoluny kilometrde görkezişi ýalydyr.

Eger-de öňki odometrleri, ýagny ulagyň geçen kilometrini ölçeýjileri tigirçek herekete getiren bolsa, maýýalaryň kalendarynyň hem özboluşly “hereketlendirijisi” bardy. Eger-de şu nukdaýnazardan seredilse, onda häzir dünýäniň hasaby täzeden – noldan başlanmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaňky aýdan kalendarlaryňyz maýýalar tarapyndan häzir hem ulanylýarmy? Olaryň özleri hem ahyrzamana taýýarlyk görýärlermi?

Braswell: 260 günlük urp-adat kalendary häzirki günde hem ulanylýar. Bu kalendar Guatemalanyň beýikliklerinde ýaşaýan maýýa porhanlary tarapyndan peýdalanylyp gelinýär. 365 günlük kalendar hem ýewropalylaryň basyp almagyndan öň we soň hem ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen maýýalar uzak wagt hasaplaryny öz içine alýan kalendardan el çekdiler.

Şeýle-de maýýarlar astronomiki wakalaryň hasaplaryny ýöredipdirler. Bu hem esasan aý kalendary.

Azatlyk Radiosy: Maýýalaryň kalendaryna görä, 13-nji baktun 21-nji dekabrda tamamlanýar. Bu sene bilen ahyrzamanyň arasynda baglanşyk barmy?

Braswell: Maýýalaryň kalendarynda ýa-da olaryň golýazmalarynda 2012-nji ýyl diňe iki ýerde geçýär. Eger-de olar bu barada diňe iki gezek ýatlap geçen bolsalar, diýmek, bu onçakly möhüm sene däldir.

Olaryň biri Meksikanyň Tortuguero atly ýerinde bir heýkeliň ýüzünde ýerleşdirilipdir. Onda 21-nji dekabra çenli hasap ýöredilip, şol wagt asmandan ýere Bolon Ýokte, ýagny dokuz hudaýyň injekdigi we bir zatlaryň boljakdygy aýdylýar. Emma anyk boljak zat baradaky ýazgy saklanyp galmandyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG