Sepleriň elýeterliligi

BMG Pakistanda poliomiýelite garşy kampaniýasyny togtadýar


Poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän işgärler hüjümçilere protest bildirýärler, Pakistan, Yslamabat, 19-njy dekabr, 2012

Poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän işgärler hüjümçilere protest bildirýärler, Pakistan, Yslamabat, 19-njy dekabr, 2012

BMG-niň edaralary Pakistanda poliomiýelite garşy alyp barýan waksinasiýa kampaniýasyny togtatmaga mejbur boldy. Bu barada ÝUNISEF-iň ýörite wekili çarşenbe güni yglan etdi.

Pakistanda poliomiýelite garşy kampaniýa geçirýän işgärlere hüjüm edilmegi sebäpli ÝUNISEF-iň, ýagny BMG-niň Çagalar fondunyň sözçüsi Maýkl Koulmen BMG-niň edaralarynyň we Bütindünýä Saglyk Guramasynyň regionda ähli waksinasiýa işlerini togtadandygyny mälim etdi.

Çarşenbe güni ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Çarsadda etrapynda poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän toparyň aýal ýolbaşçysy we onuň ulag sürüjisi atylyp öldürildi.

Poliomiýelite garşy waksinasiýa kampaniýasynyň işgäri Hilal Han atylyp, agyr ýaralandy, Peşawar, 19-njy dekabr, 2012

Poliomiýelite garşy waksinasiýa kampaniýasynyň işgäri Hilal Han atylyp, agyr ýaralandy, Peşawar, 19-njy dekabr, 2012

Mundan öň Peşawar şäheriniň golaýynda bir student oglan meýletinçi atylyp, agyr ýaralandy.

Nowşera şäheriniň golaýynda hem birnäçe meýletinçä hüjüm edilendigi aýdylýar.

Şu hepdäniň başynda waksinasiýa geçirýän alty saglyk işgäriniň atylyp öldürilendigi habar berildi. Olaryň bäşisiniň aýal maşgaladygy aýdylýar.

Olaryň birine Peşawarda, beýlekilerine bolsa Karaçide hüjüm edildi.

Karaçiniň ýaşaýjysy Faruk Ahter “Roýter” habar agentligine şeýle diýdi:

“Poliomiýelite garşy göreşýän topara hüjüm edilmegini bilimsizlikden amala aşyrylýan hereket hasaplaýaryn. Hüjüm edýänler poliomiýelit kampaniýasy, onuň çagalara we geljek nesle peýdasy barada hiç zat bilmeýärler. Sebäbi poliomiýelite ýolugan her bir adam ömürboýy maýyp bolýar”.

Hüjümleriň jogapkärçiligini “Jundullah”topary öz üstüne aldy.

Bir näbelli ýerden Azatlyk Radiosynyň Maşal gullugyna telefon eden bu toparyň komandiri Ahmad Marwat poliomiýelite garşy waksinasiýany Yslam gadagan edýär diýdi, şol sebäpden hem waksinasiýa geçirýän toparlara hüjümi bütin Pakistanda dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Bu topar mundan öň Pakistandaky tire-taýpa bölünişigi boýunça bidüzgünçilikleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

"Howpsuzlyk kepillendirilmeli"

Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän toparlaryň işine sişenbe güni öwgüli sözler aýtdy we regional häkimleri olaryň howpsuzlygyny kepillendirmeklige çagyrdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasy we ÝUNISEF pakistanlylaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan esasy çäreden mahrum edýändikleri sebäpli hüjümçileri ýazgardy.

Dünýä boýunça diňe Pakistanda, Owganystanda we Nigeriýada poliomiýelit häzire çenli saklanyp galýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, diňe geçen ýylyň özünde Pakistanda poliomiýelit bilen kesellän 198 adam hasaba alnypdyr.

Poliomiýelitiň wirusy adamyň nerw sistemasyna hüjüm edip, ony ömürlik ysmaz ýagdaýa salýar.
XS
SM
MD
LG