Sepleriň elýeterliligi

Nurmuhammet: “Türkmen gazy kesilmäwersin”


Gazgeçiriji

Gazgeçiriji

Türkmenistandan Eýrana akdyrylýan tebigy gazyň bahasy, möçberi we onuň kesilip-kesilmeýändigi barada halkara metbugatda dürli maglumatlar çykýar. Bu esasan eýranly türkmenleri ýakyndan gyzyklandyrýar. Sebäbi olaryň gaz üpjünçiliginiň bir bölegini türkmen tebigy gazy düzýär. Eýsem häzirki ýagdaýlar Eýran türkmenleriniň penjiresinden nähili görünýär?

Azatlyk Radiosy eýranly türkmenleriň wekillerinden Hajy Nurmuhammet Ak bilen bu mesele boýunça söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin bolup ýaşaýan ýerlerinde haýsy ýurduň tabigy gazy ulanylýar?

Hajy Nurmuhammet Ak: Biziň ýaşaýan ýerimiz bolan Gülüstan welaýatynda türkmenler bilen bilelikde başga halklaryň wekilleri hem ýaşaýarlar. Takmynan ilatyň ýüzden elli bölegi türkmen biziň welaýatymyzda. Ýanymyzda Horasan diýen bir welaýat bar we onda hem türkmenler bar.

Aýtjak bolýan gürrüňim ynha şeýle. Biziň ulanýan gazlarymyzyň bir bölegi Eýrandan çykýar we şonuň ýaly hem ýene bir bölegi-de Türkmenistandan çykýar. Ýagny Türkmenistan döwletinden bärik geçýän tebigy gaz.

Azatlyk Radiosy: Häzir gyş pasly. Türkmenistandan gelýän tebigy gaz käwagt kesilýär diýen maglumatlar çykýar. Şu wagt Türkmenistandan alynýan tebigy gaz siziň ýanyňyza gelip durmy?

Hajy Nurmuhammet Ak: Hawa, saglyk bolandan gelip dur. Bu gürrüň dört-bäş ýyl owal arada bir kesildi. Şol kesilen wagty hem esasy täsiri Gülüstan welaýatyna ýetirdi. Şol döwürde bu ýerde ýaşaýan halklar hem gaty uly azaba galdy.

Şonda meniň özüm dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň bir eýranly türkmen agzasy höküminde Eýranyň başlyklaryna we Türkmenistanyň prezidentine bir hat ýolladym. Şonuň ýaly-da Eýrandaky ilçihana we daşary işler ministrligine hem hat iberdim.

Hat diňe bir meniň öz adymdan däl, eýsem türkmenler, Gülüstan welaýatynda ýaşaýanlar, ýaşulular meselem Myratdurdy Kazy, Orazdurdy Hiweçi ýaly dünýä türkmenleriniň görnükli welilleriniň hemmesine şol hata gol çekdirdim.

Hatda islegimiz şeýledi. Elbetde iki döwletiň arasynda bolýan gürrüňlere goşulmadyk. Dünýä türkmenleri birleşiginiň aňyrda alyp barýan tagallarynyň maddalarynyň biri ynsanperwerlik meselesi.

Adamlary ýagşy görmeli, adamlar biri-biri bilen gatnaşmaly, ösmeli, adamlar biri-birine hormat goýmaly diýen gürrüň. Ýüzlenmämde men şol nukdaý nazardan pikirimi şeýle beýan etdim “Şu wagtky ýagdaýda döwletleriň arasyna näme gürrüň bolsa bolar. Degişme äheňine salybrak, kesiljek bolsa tomusda dagy kesilse bolmaýarmy” diýip, şular ýaly haýyş etdim.

Şonda edil gyşyň ortasynda kesilipdi. Şeýle sebäp bilen bize başgaça bir ýaşaýşy hem öwretdi şol ýagdaý. Türkmeniň arasynda odun, çöp, pamyk çöp ýaly zatlar ýatdan çykyp barýardy. Gaz kesilende şolary ýakmaly boldular.

Şeýdip gadymy türkmençiligi bir ýatlatdy. Häzir hem käwagt gulagymyza ilýär käbir ýerde belki kesilse kesiläýmeli diýen ýaly gürrüňler. Belkem bu habarlar dostuň habary däl, eýsem duşmanyň habary bolsun. Kesilmäwersin diýip arzuw edýäris bärde.

Azatlyk Radiosy: Diýmek onda şu wagt şol Türkmenistandan gelýän tebigy gazda bir bökdençlik ýok-da şeýlemi?!

Hajy Nurmuhammet Ak: Ýok. Häzir Hudaýa şükür şonuň ýaly gürrüň ýok. Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gowy ýagdaýlar hem bar. Esasanam türkmenleriň ýaşaýan ýerinde başbozarlyk ýok.

Başbozarlyk tebigy ýagdaýda dünýäniň hemme ýerinde diýen ýaly bolup dur. Eýranda Turanda diýilşi ýaly dünýäde-jahanda baram bolsa, ýöne Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda serhetde hemme zat ap-arassa diýip gorman aýdyp biljek.

Azatlyk Radiosy: Hajy Nurjan aga, gyş aýlarynda Türkmensährada howwanyň sowuklygy nähili bolýar?

Hajy Nurmuhammet Ak: Gaty sowuk bolýar bärde. Bu ýeriň aglabasy şähra. Wah, men şahyr däl, ýogsam ony has çeper söz bilen aýdardym. Sährada öwsen ýeller, çägeler adamyň maňlaýyna degende, adamyň öýüne degende, ösümligine degende käýarym gowy ösdürýär, käwagt hem ýüzden tokdan bölegini zaýalaýar.

Gyzgyn wagty bizde gaty gyzgyn. Sowuk wagt hem doňanda gaty ýaman erbet doňýar bärde. Biz näme diýsegem Hudaýyň diýeni bolar. Ýöne bärde doňaklyk bolmasyn. Diňe ýyladyşda däl, aş bişirme, senagat işlerinde hem dünýäň ösüşine baglylykda hemme zat gaza elektrige geçip barýar.

Hyzmatlar kompýuter, internet üsti bilen bolup barýar. Şeýle döwürde şu zatlar kesilmese gowy. Tebigy gazy diňe sowukda däl, eýsem beýleki zatlarda hem ulanýarlar. Şeýle-de dünýäde birek-birek bilen oturyp, gürleşmek, oturyşmak, ysnyşmak, meseleleri gepleşip çözmek diýen gowy zat bar.

Bilgeşleýin bolmasa-da birden gahardan, käbir kararnamalardan, oňuşyksyzlyklardan biden tebigy gaz, suw, elektrik kesiliberse şol biziň ösmedigimizi görkezýärmikä diýýärin. Iki yürduň başlyklaryndan, olaryň ministrlerinden-wezirlerinden biziň haýyşymyz ynha şeýle, hemme zatdan owal şol ynsanperwerlik meselesini göz öňünde tutmaly.

Soň beýleki meseleleri ara atybermeli. Men muny bir türkmen bolup aýdasym gelýär! Türkmende bir nakyl bar “Uruş, söwüş, ýöne ýaraşmaga ýer goý” diýleni. Hawa, uruşmaly wagty gyş zamana düşmese halajak, ýaraşylýan wagty hemişe bolsun diýýärin!
XS
SM
MD
LG