Sepleriň elýeterliligi

Yragyň prezidenti keselhanada huşsuz ýagdaýda


Yragyň prezidenti Jalal Talabani.

Yragyň prezidenti Jalal Talabani.

Yragyň hökümetine ýakyn ynamdar çeşmeler bu ýurduň prezidenti Jalal Talabaniniň duşenbe güni beýnisine gan inme sebäpli huşundan gidendigini we onuň keselhanada ýerleşýändigini habar berýärler.

Jalal Talabaniniň syýasy tarapdarlaryndan biri, parlament deputaty Mahmud Otman çarşenbe güni prezident Talabaniniň saglyk ýagdaýy barada şeýle diýdi: “Düýn irden keselhana düşeninden soň, prezident Jalal Talabaniniň saglyk ýagdaýy indi birneme gowulaşýar. Oňa berilýän bejergini dowam etdirmek üçin ertir ýa-da birigün onuň daşary ýurda alnyp gidilmegi-de mümkin”.

Yragyň saglyk ministriniň orunbasary Issam Namik hakykatdanam lukmanlaryň Talabanini daşary ýurda ugratmak barada pikir edýändiklerini aýtdy. Ýöne ol edil häzir bu barada gutarnykly netijä gelinmändigini mälim etdi.

Jalal Talabani (sagda) Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejat bilen duşuşýar. Tähran, 26-njy mart, 2010.

Jalal Talabani (sagda) Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejat bilen duşuşýar. Tähran, 26-njy mart, 2010.

Maglumata görä, Türkiýe prezident Talabanini daşary ýurda alyp gitmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan tiz kömek uçaryny ýollamaga taýýardygyny mälim edipdir.

Häzirki wagt Jalal Talabanä bejergi berýän lukmanlara ýardam bermek üçin Eýrandan we Germaniýadan lukmanlar toparynyň Yraga barandyklary habar berilýär.

Yragyň saglyk ministriniň orunbasary Issam Namik prezidentiň saglygynyň gowulaşýandygyny aýtsa-da, onuň ýagdaýy barada anyk maglumat bermedi. Talabaniniň lukmanlary-da onuň beýnisine gan inendigi baradaky maglumaty häzire çenli resmi ýagdaýda tassyklaýjy beýanat etmediler.

Emma hökümet resmilerinden birnäçesi žurnalistler bilen gürrüňdeşliklerinde prezidentiň hakykatdanam beýnä gan inmäni başdan geçirýändigini mälim etdiler.

Yragyň prezidenti Jalal Talabani soňky ýyllaryň dowamynda ençeme saglyk problemasyndan ejir çekip gelýär. 2008-njy ýylda Birleşen Ştatlarda onuň ýüregine-de operasiýa edildi. Mundan öň, 2007-nji ýylda bolsa ol dem gysma we ýadawlyk keselinden bejergi alypdy.

Jalal Talabani yrakly kürtleriň iň bir täsirli syýasy partiýalaryndan biri bolan Kürdüstan Watançylar Birleşigi partiýasyny esaslandyrypdy. 2005-nji ýylda bolsa ol Yrakda arap milletinden bolmadyk ilkinji prezident hökmünde bu wezipä saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG