Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NASA agentliginiň 21-nji dekabra garaýyşlary


Günüň suraty

Günüň suraty

21-nji dekabryň golaýlaşmagy bilen, köp adamlar gadymy Maýýa kalendaryna salgylanyp, ahyrzamanyň bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar we bu barada aladalanýarlar. Azatlyk Radiosy şu babatda professional alymlaryň arasynda bar bolan garaýyşlar bilen gyzyklanyp, ABŞ-daky NASA agentliginiň “Ames” barlaglar merkeziniň astrobiologiýa boýunça baş ylmy işgäri, astrofizik, ylymlaryň doktory Dewid Morrison bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Doktor Morrison, köp adamlar gadymy Maýýa kalendaryna salgylanyp, 2012-nji ýylyň 21-nji dekabrynda ahyrzamanyň boljakdygyna ynanýarlar. Şeýle pikir etmek üçin, az-owlagam bolsa, nähilidir bir ylmy esaslar barmy?

Dewid Morrison: Asla esas ýok. Ahyrzaman baradaky goh-galmagal diňe ham-hyýal.

Azatlyk Radiosy: Internetde bu barada geň teoriýalar-da öňe sürülýär. Olaryň hatarynda Günüň aňyrsynda duran Nibiru diýen bir planetanyň Ýer bilen çaknyşjakdygy, Ýeriň tersine aýlanyp başlajakdygy, haýsydyr bir meteoritiň ýa-da asteroidiň Ýere gaçjakdygy we hemme janly-jandaryň ölümine getirjekdigi ýaly teoriýalar-da bar. Eýsem, şular ýaly bir hadysanyň ýüze çykmak ähtimallygy asla ýokmy?

Dewid Morrison: 21-nji dekabrda bu hadysalardan haýsydyr biriniň bolmak ähtimallygy nola deň. Nibiru atly hiç bir hili planeta-da ýok. Şeýle hem, ykdysadyýetçi Zehariýa Sitçiň (Azerbaýjanda doglan amerikaly ýazyjynyň) şol planetada siwilizasiýanyň bardygy barada ýazan kitaplaryndaky zatlaram toslama.

Geçen onýyllykda nähilidir bir näbelli obýektiň 21-nji dekabrda Ýer bilen çaknyşjakdygy barada dürli-dürli habarlar peýda boldy. Ýöne bu maglumatlaryň hemmesem ýalan maglumatlar. Eger bize howp salýan şolar ýaly nähilidir bir planeta bar bolan bolsa, ol asmanda iň bir ýagty şöhle saçýan bir obýekt bolardy we astronomlar hem ony köp ýyllaryň dowamynda synlap bilerdiler.

Eger hakykatdanam şeýle asman jisimi bar bolanlygynda, onuň grawitasiýa güýji planetarlaryň, aýratynam Mars we Ýer planetalarynyň orbitalarynyň aýlawyny üýtgedip bilerdi. Ýöne astronomlar beýle zadyň ýokdugyny bilýärler. 2012-nji ýylyň dekabrynda planetalaryň parady-da bolanok. Bize golaýlaşýan nähilidir bir asteroidler ýa kometalar-da ýok.

Galyberse-de, bu ýyl Ýeriň magnit polýusy ýa-da aýlaw oky bilen baglanyşykly hiç hili geň zat hem göze ilenok. Magnit polýusy her million ýyldan bir gezek diýen ýaly özgerýär. Ýöne beýle hadysy häzirki wagt ýüze çykanok. Eger şeýle hadysa ýüze çykaýanda-da, ol proses, megerem, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bolup geçse gerek.

Ýeriň aýlaw okunyň ur-tut özgermegi hiç haçan bolan zat däl we beýle zat mümkin hem däl. Eger Ýeriň aýlawynda nähilidir bir özgerişlik ýüze çykan bolanlygynda, ol biziň sputnik nawigatorymyza täsir edip, dessine bize aýan bolardy.

Azatlyk Radiosy: Tehnologiýanyň şeýle ösen ýagdaýynda-da adamlaryň şular ýaly gorkunç teoriýalara ynanyp ýörmeklerini näme bilen düşündirip bolar?

Dewid Morrison: Köp adamlar internete ýerleşdirilýän islendik zada ynanmak tendensiýasyna eýe. Olar internetde dogry maglumatlaryň ýaýradylyşy ýaly, ýalan maglumatlaryň-da hyň berýändigine düşünenoklar. Adamlar internetde tä hakykaty galp zatdan aýyl-saýyl etmegi öwrenýänçäler, biz şular ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolarys.

Azatlyk Radiosy: Golliwudyň 2009-njy ýylda döreden “2012” atly filminde ahyrzaman derejesindäki katastrofa suratlandyrylýar. Şol wakada-da hökümetler syýasy we ykdysady elitany halas etmekligiň hatyrasyna jemgyýetçilikden maglumaty gizläp saklaýar. 21-nji dekabrda ahyrzamanyň boljakdygyna çyny bilen ynanýan köp adamlar, edil şol kinodaky ýaly, hökümetleriň bu boljak hakykaty adamlardan gizleýändigini öňe sürýärler.

Dewid Morrison:
Hökümetiň şular ýaly bir syry gizläp saklaýandygy baradaky düşünje örän ýöntem. Eger Ýere nämedir bir zat bolýan bolsa, dünýäniň dürli künjegindäki ýüzmüňlerçe alym muny bilerdi. NASA agentligi we hökümet Ýer hem-de kosmos baradaky maglumatlaryň üstünden monopoliýa güýjüne eýe däl.
XS
SM
MD
LG