Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň içeri işler ministri Liwanda saglygyny bejerdýär


Çarşenbe güni Siriýanyň içeri işler ministri Muhammad Ibrahim al-Şaar bejergi almak üçin Liwanyň paýtagty Beýruta bardy.

Liwanyň resmileri Ibrahim al-Şaaryň ministrliginiň binasynda geçen hepde amala aşyrylan partlamadan soň onuň saglygyny bejertmek üçin Liwanyň keselhanasyna ýüz tutandygyny mälim etdiler.

“Roýter” habar agentligi Liwanyň bir resmisiniň sözlerine salgylanmak bilen Siriýanyň içeri işler ministriniň saglyk ýagdaýynyň howp astynda däldigini habar berýär.

Emma mundan öň siriýaly oppozision söweşijiler 12-nji dekabrda Siriýanyň Içeri işler ministrliginiň derwezesinde amala aşyrylan hüjümde Ibrahim al-Şaaryň agyr ýaralanandygyny öňe sürüp, maglumat ýaýradypdylar.
XS
SM
MD
LG