Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmileri we talybanlar Fransiýada maslahat geçirýärler


Penşenbe güni Owganystanyň resmileri bilen birlikde Talyban toparlarynyň we käbir tire-taýpalaryň wekilleri Fransiýada maslahata ýygnandylar.

Fransiýanyň Çantilli şäherinde öňünden açyk yglan edilmezden gurnalan bu maslahatda Owganystandaky parahatçylyk we jebisleşmek meseleleri barada maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, iki gün dowam etjek bu maslahatda aýgytly bir öňegidişlikler bolar diýlip garaşylmaýandygy-da aýdylýar. Maslahat Fransiýada iş alyp barýan syýasy barlaglar merkezlerinden biri tarapyndan gurnalýar.
XS
SM
MD
LG