Sepleriň elýeterliligi

Putin Gürjüstandan “pozitiw signallaryň” gelýändigini aýdýar


Penşenbe güni Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň bu wezipä saýlanaly bäri ilkinji gezek ýörite metbugat konferensiýasyny gurnady.

Bu metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ol Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlary babatda Tbilisi bilen nähili iş salyşmalydygy barada özünde “anyk ideýanyň ýokdugyny” aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Putin Gürjüstanyň täze saýlanan hökümetinden, umuman, “pozitiw signallaryň” gelýändigini we iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň gowulanmagyna umyt baglaýandygyny belledi.

Beýleki tarapdan bolsa, Wladimir Putin Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň garaşsyzlyklaryny ykrar eden Orsýetiň öz bu kararyny ýatyryp ýa-da oňa täzeçe garap bilmejekdigini-de nygtady.
XS
SM
MD
LG