Sepleriň elýeterliligi

Syýahatçylar Moskwa barada gowy pikirde däl


Moskwadaky ýer geçelgeleriň biri

Moskwadaky ýer geçelgeleriň biri

Eý, Moskwa! Mende seniň üçin bir gowy hem bir erbet habar bar. Ilki haýsyny eşidesiň gelýär?

Erbet habarymy? – Bolýar, baş üstüne!

“TripAdvisor.com” saýty dünýäniň iň belli 40 şäherine eden synynda 75 müň syýahatçynyň beren jogaplary we Brainbox guramasynyň barlaglary esasynda taýyarlan raportynda, Moskwa dört kategoriýa boýunça iň soňky orunda ýerleşdirilipdir.

Eý, Moskwa, sen ýerli halky hoşniýetsizligi bilen tanalýan Londondyr Gon-Kongdan hem ozdurdyň! Seniň taksiçileriň-de Pekindir Brýusseliň taksi sürüjileri bilen deňeşdirileniňde-de, has garasöýmez. Netijede sen taksi hyzmatlary boýunça iň erbet kategoriýadaky Pekindir Kuala Lumpurdan-da ozdurdyň!

Haýsydyr bir harydy satyn almaly bolanda, pul sarp edilişi boýunça sen dünýädäki iň erbet ýerler diýlip hasaplanýan Dominikan Respublikasynyň Punta Kana şäheri we Oslodan hem öňe geçip, pes baha aldyň.

Bu kategoriýalarda birinjiligi kimiň alanyny bilesiňiz gelýärmi? Kankun dostlukly ilaty bilen, Tokio dostlukly taksi sürüjileri, şeýle-de iň gowy taksileri bilen we Nýu- Ýork şäheri söwda üçin iň gowy şäher diýen kategoriýalarda birinjiligi gazandylar.

Ondan başga-da, eý, Moskwa sen puluň hümmeti boýunça kategoriýada iň soňkudan öňki, şäherde gezelenç etmek boýunça bolsa iň erbetleriň arasynda aşakdan üçünji orunda dursuň! Şol bir wagtyň özünde-de seniň adyň iň howply şäherleriň sanawynda bäşinji orunda, bu kategoriýada Punta Kana birinjiligi alypdyr.

Bu, elbetde, gynandyryjy. Emma, şatlan Moskwa! Sen entek gowy habarlary eşideňok!

“TripAdvisor.com” saýtynyň maglumatynda, seniň adyň Ýewropa boýunça gidilmeli 10 ýer diýen katagoriýada öňe çykýanlaryň sanawynda ikinji orunda dur.

Orsýetiň syýasy, taryhy, ylmy, arhitektura we resmi merkezi bolan Moskwa şäheri ýurtdaky gapma-garşylyklaryň iň hetdenaşalaryny özünde jemleýän ýer diýilip hasaplanýar.

10 million ilatly şäherde taryh we täze döwür ýanaşyk ýaşaýar. Gyzyl meýdany, Kremli, diwana Wasiliniň ybadathanasynyň dokuz gümmezini, Leniniň mawzoleýini, KGB-niň muzeýini, şeýle hem Moskwanyň eýmenç we beýik taryhynyň beýleki simwollaryny görmek isleseňiz, onda metro giriň. Soňra, göwnüňizi açmak üçin, Bulwar halkasynda söwda ediň ýa-da Puşkin meýdanyna baryň.

Moskwa, elbetde, sen bu katagoriýada birinji orunda duran Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinden soň, ikinji orunda. Emma sen baryp görmek üçin gyzyklanmanyň barha artýan şäherleriniň kategoriýasynda Sankt-Peterburgdan öňe geçdiň.

Moskwa ondan başga-da, ynha, ýene-de bir hoş habar.

Bu habaryň Moskwa baryp görenleri haýran galdyrmagy mümkin. Uzak Gündogarda ýerleşýän Sibiriň Habarowsk şäheri ýurduň gözegçilik edarasy bolan jemgyýetçilik palatasynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde Orsýetiň iň gyymmat şäheri. Moskwa ikinji orundaky Ýekaterinburgdan we üçünji orundaky Krasnoýarskdan soň, dördünji orunda.

Barlaglaryň netijesi transport çykdajylarynyň, benziniň, jaýyň we azyk harytlarynyň bahasyny ölçeýän görkezijilere görä çykaryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG