Sepleriň elýeterliligi

2012-nji ýylda öldürilen habarçylaryň sany artdy


Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň Eýranda žurnalistleriň tussag edilmeklerine garşy geçiren protesti, Pariž, 10-njy iýul, 2012

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň Eýranda žurnalistleriň tussag edilmeklerine garşy geçiren protesti, Pariž, 10-njy iýul, 2012

Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz Reportýorlar Guramasy 2012-nji ýylda öldürilen žurnalistleriň sanawyny çap etdi. Guramanyň bu barada ýaýradan hasabatynda geçip barýan ýylda öldürilen žurnalistleriň sanynyň has artandygy aýdylýar.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň synyna laýyklykda, öz professional borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ölen habarçylaryň sany 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 33% artypdyr. Hususanda, 2012-nj ýylda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ölen žurnalistleriň sanynyň 26-a, Aziýada-24-e, Sub-Sahara Afrika ýurtlarynda 21-e çenli baryp ýetendigi aýdylýar. Hasabata laýyklykda, diňe günbatar ýarym şarynda borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ölen žurnalistleriň sany pese gaçypdyr.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň 2012-nji ýyl boýunça beren sanlary 1995-nji ýyldan bäri geçirilýän ýyllyk hasabatdaky görkezijileriň has ýaramazdygyny aňladýar, ýagny şol seneden bäri 2012-nji ýyl žurnalistleriň iň köp öldürilen ýyly bolupdyr.

Öz borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ölen ýa-da öldürilen žurnalistleriň sany 2011-nji ýylda 67 bolan bolsa, 2010-njy ýylda bu san 58, 2009-njy ýylda bolsa 75 bolupdyr.

Hasabata görä, mundan ozal iň ýokary görkeziji 2007-nji ýylda bolupdyr, ýagny 87 žurnalist öldürilipdir.

Bidüzgünçilikleriň pidasy

2012-nji ýylda 88 žurnalist söweşlerde we bomba partlamalarynda, ýa-da guramaçylykly jenaýat, şol sanda neşe gaçakçylygy bilen bagly toparlar, yslamçy söweşijiler tarapyndan ýa-da korrumpirlenen resmileriň buýrugy boýunça öldürilipdir.

“2012-nji ýylda gurban bolan žurnalistleriň sanynyň has köpelmeginiň sebäbi Siriýadaky uruş, Somaliadaky bulam-bujarlyk we Pakistandaky ‘Talybanlaryň’ bidüzgünçilikleri bilen düşündirilýär” diýip, Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň baş sekretary Kristof Deloire aýdýar.

Baş sekretaryň sözlerine görä, “Adam hukuklaryny, şol sanda maglumat azatlygyny bozýanlaryň temmisiz galdyrylmagy şeýle bidüzgünçilikleriň dowam etmegine ýardam berýär”.

Öz professional borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ölen habarçylaryň sany 33% artypdyr.

Öz professional borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ölen habarçylaryň sany 33% artypdyr.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň synynda şu ýylda pida bolanlaryň ähli ugurdaky habarçylardygy aýdylýar. Hususan-da, raýat-žurnalistleriniň we internet ulanyjylarynyň arasynda gurban bolanlaryň sany 47-ä ýetipdir, esasan hem Siriýada şeýle habarçylar köp nyşana alnypdyr . 2011-nji ýylda olaryň sany 5 bolupdy. Bu adamlar habarçy, suratçy ýa-da wideo-žurnalisti hökmünde öz gündeki durmuşlary we hökümetleriniň oppozisiýany basyp ýatyryşlary barada dokumental işlerini döretdiler.

Şeýle adamlaryň žurnalistik tagallalary bolmadyk bolsa, Siriýa režimi ýurduň aýratyn sebitlerinde maglumat boşlugyny dörederdi we gyrgynçylygy gizlin saklardy.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň 2012-nji ýyl boýunça ýaýradan synynda media azatlygy boýunça dürli kategoriýa degişli sanlar hem berilýär, ýagny jemi žurnalistleriň arasynda öldürilenleriň sany 88, tussag edilenleriň sany 879, türmede saklanýanlaryň sany 193, haýbat atylanlaryň sany 1993, ogurlanyp gaçylanlaryň sany bolsa 38 diýlip bellenilipdir. Hasabatda media kömek edenleriň arasynda öldürilenleriň sany 6, ýurdundan gaçyp çykan žurnalistleriň sany 73, öldürilen Internet ulanyjylarynyň we raýat-žurnalistleriniň sany 47, tussag edilen blogerleriň, Internet ulanyjylarynyň sany bolsa 144 diýlip berlipdir.

Bu sanlar Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň dünýä boýunça maglumat azatlygynyň bozulmalaryna ýylyň dowamynda alyp baran gözegçiligi esasynda düzüldi.
XS
SM
MD
LG