Sepleriň elýeterliligi

Putin Tbilisi bilen nädip işleşmelidigini bilmeýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin metbugat konferensiýasyny geçirdi, Moskwa, 20-nji dekabr, 2012.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin metbugat konferensiýasyny geçirdi, Moskwa, 20-nji dekabr, 2012.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Günorta Osetiýa we Abhaziýa boýunça Tbilisi bilen nädip işleşip boljagyny bilmeýändigini aýtdy.

Putin bu problema barada, özüniň üçinji prezidentik möhletine geçeli bäri birinji gezek geçirýän metbugat konferensiýasynda sözledi.

“Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili ýagdaýy petige diredi. Çynymy aýtsam, men ondan nädip çykyp boljagyny, dogursyny aýtsam, bilmeýärin. Orsýet Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar etmek baradaky öz kararyny üýtgedip bilmeýär, biz muny asla edip biljek däp. Gürjüstan hem olaryň garaşszy statusyny kabul edip bilenok. Men bu ýerde näme edip boljagyny göz öňüne getirip bilemok”, diýip Putin aýtdy.

Mälim bolşuna görä, Putin bilen Saakaşwili bir-birini şahsy taýdan halamaýarlar.

Putin Gürjüstanda premýer-ministr Bidzina Iwanişwili hökümet başyna gelip, ýurduň häkimiýetiniň üýtgemegi netijesinde meselä çözgüt tapmak üçin täze mümkinçiligiň döränligini belledi.

“Biziň gatnaşyklarymyzdaky iň agyr problemalary nädip çözmelidigi barada mende entek jogap ýok. Emma muňa professional çemeleşmäge taýýar adamlaryň dörändigi sebäpli, geliň, bu barada bile pikirleneli”, diýip Putin aýtdy.


Orsýet Gürjüstanyň separatistik regionlarynyň garaşsyzlygyny 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda bolan gysga wagtly uruşdan soň ykrar edipdi. Munuň yzýany Gürjüstan Orsýet bilen gatnaşyklaryny kesipdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gürjüstanyň täze hökümetinden “pozitiw signallary” görýändigini aýtdy we häzir ykdysady hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin mümkinçiligiň dörändigini belledi.

“Biz, dogrudanam, Gürjüstan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýäris. Bolmanda, ykdysadyýet nukdaý nazardan, muňa Gürjüstanyň Orsýetden has köp gyzyklanýandygyny açyk aýtmaly. Emma biz bu ýerde ulumsylyk edip, bu bize gerek däl, diýmek islemeýäris”, diýip Putin aýtdy.


Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwili Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy isleýändigini aýdypdy. Ol öz baýlygynyň aglaba bölegini hut Orsýetde gazanypdy. Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” atly koalisiýasy 2012-nji ýylyň oktýabr aýyndaky parlament saýlawlarynda Mihail Saakaşwiliniň Milli hereketinden üstün çykdy.

XS
SM
MD
LG