Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Baba-mamalar kyn günde


Täjik gyzjagazy

Täjik gyzjagazy

10 ýaşly Nigora kakasyny, doganyny ýylda birje gezek görýär. Onuň olary ömründe şondan ýygy gören mahaly ýok.

Olaryň ikisi-de kadaly iş tapmak üçin ençeme ýyl mundan ozal Orsýete gidipdirler. Bir aý mundan ozal hem Nigoranyň ejesi gidipdir. Nigora indi uly uýasy seredýär.

On ýaşlyja gyz munuň özüne agyr düşýändigini aýdýar: "Kakamyň ol ýerde näme edýänini bilemok. Ýöne ejem tikinçi bolup işleýär. Doganym stol we oturgyç ýasaýar. Ejemiň gidenine ýaňy bir aý boldy. Doganym bilen kakam ençeme ýyl mundan ozal gitdiler. Olar maňa her gün jaň edýärler, ýöne olary ýene-de göresim gelýär. Ejem Orsýetde bir jaý alsalar, biziň hemmämizi şol ýere äkitjekdigini aýdýar".

Daşary ýurtlarda ýaşap, işleýän täjikleriň sany bir million çemesi diýip çaklanylýar. Olar iş tapmak üçin wagtlaýyn Orsýetde ýa başga ýurtlarda bolýarlar.

Daşary ýurtdaky täjikler

Ilatynyň sany 8 milliona-da ýetmeýän bir ýurt üçin bu san az zat bolmasa-da, garyplykdan ejir çekýän Täjigistany çökermän saklaýan – migrant işçilerden gelýän 3 milliard dollara barabar pul ýurduň tutuş içerki önüminiň takmynan ýarpysyna deň.

Ozallar işläp, pul gazanmak üçin ýurdy terk edýänler diňe erkeklerdi. Ýöne global maliýe krizisi döräli bäri täjik aýallary-da gidýärler. Indi iş gözläp ýurdy terk edýänleriň altydan biri aýallar.

Bu hem Täjigistanda bir täze demografik hakykaty döredipdir: eje-kakasyz ösýän müňlerçe çaga ençeme ýyllap uly doganlary, köplenjem garry ene-atalary seredýärler.

Gorgandepeli 70 ýaşly Mamurbi ýedi agtygyny öz hossarlygynyňkyda saklaýandygyny aýdýar. Olar dört bilen on dört ýaşyň aralygynda.

"Men elimden gelenini edýärin. Köplenç süýji söz bilen, kämahallar hem zorluk bilen. Olara: 'eziz balalarym, bu işi etmäň' diýýärin. Ýöne öýde erkek adam bolmasa, çagalary terbiýelemek kyn. Hudaýa şükür, olar ýene bolsa, agalarynyň aýdanyny edýärler" diýip, Mamurbi gürrüň berýär.

Özbek serhediniň golaýynda ýerleşýän Tursunzoda şäherinde ýaşýan 60 ýaşly Şamsiýa Şoimardonowa hem özüniň şular ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüzdügini aýdýar. Gyzy Orsýete gitmek üçin dört çagasyna seretmegini soranda, ol "ýok" diýip bilmändir. Indi bolsa, muňa az-kem ökünýändigini aýdýar.

Şoimardonowanyň gyzy ýaly migrantlar tarapyndnan öýlerine iberilýän pullaryň möhümdigini Täjigistanda inkär edýänlar köp däl. Ýöne köp adamlar hem eje hem-de kakanyň gitmeginiň çagalary kyn ýagdaýa salýandygyny aýdýarlar.

Duşenbeli sosiolog Faizali Şukur migrant işçi bolup gidýän ene-atalaryň, maliýe bähbidine garamazdan, bu meselede gowy oýlanmalydyklaryny aýdýar: "Çagalaryny Täjigistanda galdyryp, zähmet migrantlary bolup gidýänler uly ýalňyşlyk edýärler. Eje-kakasynyň idegini görmän ulalan çagalardan gowulyga garaşyp bolmaz. Çagalar bir ýaş baldak ýaly, olary islän ugruňa egreldip bolýar. Bu çagalaryň terbiýesi, okuwy ýok. Olar ýagty gelejekden mahrum".

Şoimardonowa hem edil şuny duýýär, ol: "Çagalar kämahallar eje-kakalaryny ýatlap, aglaýarlar. Muny göremde, öz ýatýan otagyma baryp, menem gizlin aglaýaryn" diýýär.
XS
SM
MD
LG