Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen žurnalisti halkara baýragyna mynasyp boldy


Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda söz azatlygynyň dabaralanmagyna goşan goşandy üçin "Human Rights Watch" guramasynyň ýyllyk baýragyna mynasyp boldy.
Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda söz azatlygynyň dabaralanmagyna goşan goşandy üçin "Human Rights Watch" guramasynyň ýyllyk baýragyna mynasyp boldy.
Penşenbe güni düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy halkara “Human Rights Watch” guramasy bu guramanyň “Hellman/Hammett” atly abraýly ýyllyk baýragyna türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň-de mynasyp bolandygyny yglan etdi.

“Human Rights Watch” guramasynyň bu baýragy her ýyl söz azatlygynyň dabaralanmagyna goşant goşmakda edermenlik görkezen ýazyjylara we žurnalistlere gowşurylýar.

Bu gezek şeýle baýragy dünýäniň 19 ýurdunda iş alyp barýan 41 adama bermeklik karar edilipdir, şolaryň hatarynda Azatlyk Radiosynyň ozalky ştatdan daşary habarçysy, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem bar.

“Human Rights Watch” guramasynyň bu baradaky maglumatynda Döwletmyrat Ýazgulyýewiň 2011-nji ýylyň iýulynda Abadan şäherinde bolan partlama, onda ejir çeken adamlara ýardam bermekda ýüze çykan problemalar ýaly käbir ynjyk meseleler barada yzygiderli reportaž taýýarlandygy aýdylýar.

Şeýle hem, “Human Rights Watch” guramasy şol wakalaryň yzy bilen žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň toslama aýyplamalar esasynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, 2011-nji ýylyň oktýabrynda-da prezidentiň günä geçişlik baradaky permany esasynda azatlyga goýberilendigini belleýär.
XS
SM
MD
LG