Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda ozalky ministrlerden ikisi tussag edildi


Penşenbe güni Gürjüstanda korrupsiýa bilen baglanyşykly derňewleriň barşynda alty adam, şol sanda, ýurduň ozalky ministrlerinden hem ikisi tussag edildi.

Tussag edilen ozalky ministrler Gürjüstanyň ozalky maliýe we energiýa ministri Aleksandr Ketaguri hem-de ozalky bilim we adalat ministri Nika Gwaramýa.

Tussag edilenleriň arasynda “Telasi” atly iri elektrik kompaniýasynyň başlygynyň-da bardygy-da aýdylýar.

Gürjüstanyň Maliýe ministrligi ýurduň bu ozalky ministrleriniň 1 million dollar puluň bikanun ýollar arkaly başga hasaplara geçirilmegi hem-de käbir beýleki kanun bozmalar bilen bagly bildirilýän aýyplamalar esasynda tussag edilendiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG