Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda täze partiýanyň Aşgabat şäher Komiteti döredildi


Çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher Komitetiniň birinji dörediji maslahaty geçirildi.

Maslahatda bu partiýanyň Aşgabat şäher Komitetini döretmek we onuň ýolbaşçy düzümini saýlamak hem-de bu partiýanyň agzalygyna kabul etmek bilen bagly meselelere seredilendigi habar berilýär.

Türkmen telewideniýesi bu baradaky maglumatynda maslahata gatnaşanlaryň “Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly prezidente tükeniksiz hoşallyk sözlerini beýan edendiklerini” habar berýär.

Türkmenistanda Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň ilkinji gurultaýy şu ýylyň 21-nji awgustynda geçirilipdi we şol gurultaýda-da partiýanyň düzgünnamasy kabul edilipdi.

Munuň özi Türkmenistanda Demokratik partiýadan soň ilkinji gezek ikilenji bir resmi partiýanyň döredilmegi hökmünde alamatlandy. Partiýanyň liderligine saýlanan Orazmämmet Mämmedowyň şahsyýeti we biografiýasy barada resmi metbugatda düýpli bir maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG