Sepleriň elýeterliligi

Putin Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen duşuşýar


Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen maslahat geçirýär. Bu maslahatda, esasan, Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň energiýa hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleriň üns merkezinde boljakdygy habar berilýär.

Ýewropa Bileleşigi ýakynda energiýa bazarlarynda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň monopoliýasynyň çakdanaşa güýçlenmeginiň halkara normalaryna garşy gelýändigini aýdyp, bu ýagdaýy kadalaşdyrmak inisiatiwasy bilen çykyş edipdi.

Bileleşigiň bu inisiatiwasyna Orsýet nägilelik we alada bilen reaksiýa bildirdi. Brýusselde geçiriljek maslahatda Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň söwda hyzmatdaşlyklary we wiza düzgünleri bilen baglanyşykly meseleler-de maslahat ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG