Sepleriň elýeterliligi

Dürli ýurtlarda adamlar “ahyrzamany” garşy alýarlar


Anna güni dünýäniň dürli ýurtlarynda adamlar gadymy Maýýa kalendarynyň soňlanmagyny dürli görnüşlerde belläp geçýärler. Adamlaryň bir topary Maýýa siwilizasiýasynyň Meksikadaky gadymy arheologik merkezine ýygnandylar.

Maýýa kalendarynyň soňlanmagyna ahyrzamanyň geljekdigini aňladýan bir alamat hökmünde düşünýän adamlardan käbirleriniň tebigy heläkçiliklerden goranmak üçin daglaryň üstüne çykandyklary we hatda ýeriň astynda ýörite ýasalan gorag bunkerlerinde gizlenendikleri-de habar berilýär.

Köp alymlar gadymy Maýýa siwilizasiýasynyň kalendarynyň tamamlanmagynyň adamzat üçin nähilidir bir global heläkçiligi aňlatman, eýsem bu gadymy siwilizasiýanyň öz hasaplamalaryna laýyklykda täze kalendaryň başlanýandygyny aňladýandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG