Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow täze hökümet agentligini döretmegi teklip etdi


Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda birnäçe täze proýektler barada maslahat edildi.

Bu maslahatda prezident Berdimuhamedow ýurtda we ýurduň daşynda maýa ýatyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere gözegçilik işini alyp barjak täze bir hökümet agentliginiň döredilmeginiň zerurdygyny öňe sürdi.

Hususan-da, ol bu täze dörediljek agentligiň Türkmenistanda maýa ýatyrmakçy bolýan daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlarda maýa ýatyrmakçy bolýan türkmen kompaniýalarynyň işine gözegçilik etmelidigini, olaryň proýektlerine rugsat berip ýa-da bermezlik meselesine-de hut şu agentligiň jogap bermelidigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow şeýle agentligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda döretmekligiň ýerlikli boljakdygyny belläp, bu barada anyk teklipleri taýýarlamak barada wise-premýer A.Goçyýewe görkezme berdi.

Mundan daşary, bu hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaş spesialistleri önümçilige çekmek we olary ylmy innowasiýalara höweslendirmek maksady bilen täze bir Prezident Fonduny döretmek baradaky karara-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG