Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saparmyrat Nyýazowyň türkmenistanlylara galdyran mirasy


Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky gyzyl çaýylan heýkeli
Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky gyzyl çaýylan heýkeli
Türkmenistanyň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykanyna 21-nji dekabrda dogry alty ýyl boldy.

Bu wakanyň bosagasynda penşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ozalky prezidentiniň işine ýokary baha berip, ony “ajaýyp şahsyýet” diýip atlandyrdy we Türkmenbaşynyň aradan çykan gününe gabatlap, raýatlaryň onuň guburyna zyýarat gurnap-da biljekdiklerini aýtdy. Eýsem, Saparmyrat Nyýazowyň galdyran miraslarynyň ykbaly nähili boldy?

Tebigy gaza baý döwlete 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Nyýazow türkmen halkynyň ýaşaýşyny ösen ýurtlaryň derejesine ýetirendigine ynanyp, şeýle diýipdi:

“Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan ösüp barýan döwletleriň sanawundan çykyp, ösen döwletleriň sanawuna girdi. Ol uly ösüş. Bu SNG ( red. GDA) döwletlerinde munuň ýaly entäk gazanan ýok”.

1992-nji ýylda ýurtda geçirilen ählimumy saýlawlarda garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti edilip saýlananyndan soň Saparmyrat Nyýazow ýurtda awtoritar dolandyryş sistemasyny ýöretdi.

Durgunlylyk

Resmi taýdan Türkmenbaşy lakamyna eýe bolan Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistanyň halkyna galdyran mirasy barada gürrüň edilende ilkinji nobatda onuň baştutanlyk eden döwründe ýurduň “stagnasiýa”, ýagny durgunlylyga düşendigi aýdylýar.

Aşgabatly garaşsyz synçy Nurberdi Nurmammedov
Aşgabatly garaşsyz synçy Nurberdi Nurmammedov
Aşgabatly garaşsyz syýasy synçy Nurberdi Nurmämmedow bu ýagdaýy şeýle düşündirýär:

“Ýurtda adamlar yzarlandy. Neşekeşlik artdy. Maşgala bozuldy. Şu zatlar ýurduň ýagdaýyna-da, adamlaryň ýagdaýyna-da örän erbet täsir etdi”.

Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistanda awtoritar dolandyryş sistemasyny berkitmek bilen özüni tanadandygyny daşary ýurtly synçylar ýatlaýarlar.

Düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Jon MakLeod Saparmyrat Nyýazowyň Sowet Soýuzy döwrüniň lideri bolandygyny dile getirip, onuň alyp baran syýasatynyň “kommunizmiň dowamy bolandygyny” Aztlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi:

“ Köne kommunist liderleri halas bolup, milli lider boldular. Şeýle ýagdaý Türkmenistanda hem ýüze çykdy. Ýöne Nyýazowyň aýratynlygy onuň berk repressiw lider bolandygy bilen häsiýetlendirilýär. Ol öz garşydaşlaryny, oppozisiýany çalt we dessine ýok etdi”.

Daşary ýurtlaryň mediasynda Saparmyrat Nyýazow “ekssentriki syýasaty” alyp baran lider, “komiki” şahs hökmünde häsiýetlendirilýär. Hususanda, onuň kalendarda aýlaryň we günleriň atlaryny üýtgedip, olaryň käbirine öz adyny ýa-da maşgala agzalarynyň atlaryny goýmagyna wäşilik bilen garalýar.

Nyýazowyň komiki şahs hökmünde kabul edilendigini Makloed hem belleýär.
Şol bir wagtyň özünde Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran syýasatyna ýurt içinde gowy baha berip, çykyş edenler hem boldy. Şol çykyşlaryň birinde şeýle sözler aýdylýar:

Saparmyrat Nyýazowyň Ruhnama kitabynyň Aşgabatdaky heýkeli
Saparmyrat Nyýazowyň Ruhnama kitabynyň Aşgabatdaky heýkeli
“Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hakykatdanam ýöne bir şahsyýet, ýöne bir ynsan däl-de, Alla Tagala tarapyndan berlen, welilik bilen, halatlylyk bilen, arçdan-arkalylyk bilen tapawutlanýan ynsan. Ony bilmeklik üçin ilki basgançaklara çykmaklygymyz gerek”.
Halk arasynda Nyýazowyň döwri ýatlananda ýurtda hususan-da bilim we saglygy saklaýyş sistemalarynyň çökgünlige düşendigi aýdylýar.

Şol döwürde orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýyllary kemeldilip, ýaşlaryň doly bilim almak hukuklary bozuldy. Ýüzlerçe medisina işgäriniň iş ýerleri azaldyldy. Şol ýagdaýy ýatlap, Aşgabatly synçy Nurmämmedow şeýle diýýär:

“Şu iki problema Nyýazow döwründe-de problemady, şu wagt hem problemalygyna galýar. Emma käbir edilen işler hem bar, Berdimuhamedow tarapyndan, meselem, bilim ugrunda”.

Bu ugurda üstünlik gazanmak üçin daşary ýurtlar bilen, hususanda demokratik ösen ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmeli diýip, Nurmammedow belleýär.

Nyýazow ýogalyp, onuň ýerine Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolmagy ýurtda gowy umytlary döreden hem bolsa, täze prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýoluny dowam etdirdi diýip, MakLoed Aztlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Saparmyrat Nyýazow garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti hökmünde 15 ýyl häkimiýet başynda boldy. Ol 2006-njy ýylyň 21-nji derkabrynda Aşgabatda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG