Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow edaralaryň abuna ýazylmagyna rugsat berdi


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet we hökümet edaralaryna 2013-nji ýyl üçin daşary ýurtlaryň döwürleýin neşirlerine abuna ýazylmaga rugsat beriji karara gol çekdi.

Şu maksat bilenem ol Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Orsýet Federasiýasynyň “Rospeçat” agentligi hem-de “Informnauka” jemgyýeti bilen kontrakt baglaşmaga rugsat berdi.

Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanda aýry-aýry raýatlaryň daşary ýurt neşirlerine abuna ýazylmaklary gadagan edilip, beýle hukuk her ýyl prezidentiň gol çekýän kararlary arkaly döwlet we hökümet edaralaryna berildi.

Bu syýasat Türkmenistanda henizem dowam etdirilýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkmenistanda ýöredilýän beýle syýasatyň raýatlaryň erkin maglumat almaga bolan konstitusion hukuklaryna garşy gelýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG