Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany Watan edinen gazaklar


Turkmenistanyň Lebap welaýatyndaky "Gazak obasy". Lebap, aprel, 2012.
Turkmenistanyň Lebap welaýatyndaky "Gazak obasy". Lebap, aprel, 2012.
Türkmenistanda 15-26-njy dekabr aralygynda ähliumumy ilat ýazuwy geçirilýär. Bu ilat ýazuwynyň barşynda tutuş ilatyň baş sanyny anyklamakdan daşary, ýurtdaky etniki azlyklaryň sany barada-da anyk maglumatlar toplanar. Şu çaka çenli Türkmenistanda ilat sany iň köp etniki toparlardan birem gazaklar diýlip hasaplanylyp gelinýär.

Türkmenistanda “gazaklar” diýlende, esasan, “gazak obalary” göz öňüne gelýär. Gazaklar Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milli azlyklardan tapawutlylykda aýratyn ýaşaýan millet. Birnäçe ýyl mundan ozal gazaklaryň kowçum bolup ýaşaýan obalaryna ýurduň dürli künjeklerinde duşmak bolýardy.

Daşoguzda, Serdarda, Bereketde, Türkmenbaşy şäheriniň töwereklerinde, Bekdaşda gazak obalary bardy. Paýtagt Aşgabadyň özünde hem-de onuň töwereklerinde “gazak obalary” diýlip atlandyrylýan ýerler bardy. Häzir paýtagtyň töweregindäki şol gazak obalaryndan diňe atlary galypdyr.

Häzir takyk maglumat ýok

1995-nji ýylyň ilat ýazuwy boýunça etniki gazaklar Türkmenistanda ilat sany boýunça orslar bilen özbeklerden soň 3-nji ýerde bolan milli azlyk. Şol wagt ýurtda 87 müň sany gazak ýaşap, olar ýurduň umumy ilatynyň 2%-ni düzýärdiler. Häzir olaryň sany barada takyk maglumat ýok.

“1990-njy, 2000-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda gazaklaryň köpüsi Gazagystana göçdüler. Häzirem Gazagystana ‘oralman’ bolup göçüp gidýän gazaklar az däl” diýip, paýtagt Aşgabatda ýaşaýan 48 ýaşly etniki gazak Kurmanbek aýdýar.

Gazagystanyň hökümeti dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan etniki gazaklary Gazagystana göçürmek boýunça 2008-nji ýylda ýörite “Nurly koş” atly döwlet programmasyny yglan etdi. Bu programma boýunça Gazagystana göçüp baran gazaklar “oralman” diýlip atlandyrylýar.

Kurmanbek öň Änewdäki “gazak obasynda” ýaşapdyr. Ol: “Nyýazow döwründe Aşgabat-Mary ýoly gurulýar diýip, biziň obamyzyň gazaklarynyň ählisi göçürildi. Käbirleri beýleki gazak obalaryna gitdiler, käbirleri paýtagta göçdüler” diýip, gürrüň berýär. Häzirki döwürde söwda-satyk bilen meşgullanýan Kurmanbek indi Aşgabatda ýaşaýar.

“Aslyýetinde, Türkmenistandaky gazaklaryň köpüsi oba ýerlerinde ýaşaýarlar. Olar maldarçylyk bilen meşgul bolýan çarwa halk. Ýöne şäherlerde ýaşaýan gazaklar hem az däl” diýip, Kurmanbek aýdýar.

Aşgabatly pensioner Ýagşymyrat aga: “Sowet we postsowet döwürleriniň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň häkimiýet edaralarynda, şol sanda prokuraturada uly wezipeleri eýelän gazaklar hem bolupdy” diýip, ýatlaýar.

Türkmenistanda ýaşaýan gazaklaryň ählisi diýen ýaly gazaklaryň adaý taýpasyndan. Il içinde “Tanasaň, adaýyň, tanamasaň - Hudaýyň” diýen gürrüň hem bar.

“Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinde doglan Orsýetiň Kemerowo oblastynyň gubernatory Aman Tuleýew hem adaý taýpasynyň balykşy adaýlaryndan” diýip, gazak ýigidi Kurmanbek buýsanç bilen aýdýar.

Olaryň däp aýratynlyklary

Türkmenistanda ýaşaýan adaý gazaklar öz däp-dessurlaryny hem berk berjaý edýärler. Adaý taýpasyndan bolan gazaklar hem, türkmenler ýaly, öz gyzlaryny beýleki milletlere durmuşa çykarmaýarlar.

“Bu biziň beýleki gazaklardan tapawutly tarapymyz. Biz hatda beýleki gazak taýpalaryna hem gyz bermeýäris” diýip, özi gazaklaryň adaý taýpasyndan bolan Kurmanbek aýdýar.

Ýöne türkmenlerden tapawutlylykda, gazaklar atyň etini iýýärler. “Gazaklaryň düýe çaly we bäşbarmak tagamy hem türkmenleriň arasynda meşhur” diýip, aşgabatly pensioner Ýagşymyrat aga özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistandaky gazaklaryň aglabasy öz ene dillerinde gepleýärler. Birnäçe ýyl mundan ozal ýurtda gazak orta mekdepleri hem bardy. Balkan welaýatynda gazak dilinde “Jumysçy” ýagny, “Işçi” gazeti hem çap edilýärdi. “Bu ýagdaýlar hem-de Gazagystanyň golaýda ýerleşmegi Türkmenistandaky gazaklara öz milli aýratynlyklaryny saklap galmaga mümkinçilik berdi” diýip, Kurmanbek gürrüň berýär.

Türkmen dilini bilýän gazaklar hem az däl. Hususan-da, oba ýerlerinde ýaşaýan gazaklar türkmen dilini gowy bilýärler. Emma şäher ýerlerinde ýaşaýan gazaklaryň aglabasy beýleki milletler bilen ors dilinde gepleşýärler.

Mundan başga-da, Kurmanbekiň aýtmagyna görä, Gazagystanyň hökümetiniň kömegi bilen türkmenistanly ýaş etniki gazaklaryň Gazagystanda ýeňillikli şertlerde okamaga mümkinçilikleri bar. Şeýle-de, türkmenistanly gazaklara Gazagystana wiza almakda hem ýeňillikler döredilýär.

“Gazak ilçihanasy hem wagtal-wagtal gazak ýaşulularyny çagyryp, duşuşyklar geçirýär. Bu duşuşyklarda ýurtda ýaşaýan gazaklaryň ýagdaýlary barada gürrüň edilýär” diýip, Kurmanbek özara söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG