Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: “Gurhany” ýakmakda güman bildirilýän adam urlup öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň Dadu şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň bir topary “Gurhany” ýakmakda güman bildirilýän bir adamy urup öldürdiler.

Dadu şäheriniň polisiýa edarasynyň metbugat sekretary şu gün bu wakada 200 töweregi adamyň polisiýanyň binasyna kürsäp girip, bu güman bildirilýän adamy polisýanyň jaýyndan güýç bilen alyp çykandyklaryny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, gahar-gazaba münen mähelle “Gurhany” ýakmakda güman bildirilýän bu adamy urup öldürip, onuň jesedini-de ýakypdyr. Ýerli polisiýa bu waka bilen baglanyşykly 30 töweregi adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Ýerli metjidiň ymamy “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda “Gurhany” ýakmakda güman bildirilýän bu nätanyş adamyň öten agşam ýerli metjitde bolandygyny we irden şol metjitden ýakylan “Gurhanyn” bölekleriniň tapylandygyny gürrüň beripdir.
XS
SM
MD
LG