Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Täze konstitusiýa ses bermek boýunça referendum geçirilýär


Şenbe güni Müsürde täze konstitusiýanyň taslamasyna ses bermek boýunça ähliumymy referendumyň ikinji, gutarnykly tapgyry geçirilýär.

Bu konstitusiýanyň tankytçylary täze konstitusiýanyň yslamçy partiýalaryň isleglerine laýyklykda düzülendigini we onuň aýal-gyzlaryň hem-de dini azlyklaryň hukuklaryny göz öňünde tutmaýandygyny aýdyp, muny tankyt edýärler.

Prezident Muhammad Mürsi täze konstitusiýanyň kabul edilmeginiň Müsüri demokratiýa tarap öňe iterjekdigini nygtap çykyş etdi.

Anna güni Müsüriň Aleksandriýa şäherinde täze konstitusiýanyň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda ýüze çykan özara çaknyşyklarda onlarça adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG