Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Jon Kerrini Döwlet sekretary wezipesine hödürledi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Demokratik partiýadan senator Jon Kerrini Döwlet sekretary wezipesine hödürledi. Ol özüniň bu kararyny anna güni Ak Tamda resmi ýagdaýda yglan etdi.

Ýakynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton öz wezipesinden gitmek niýetini mälim edipdi. Obamanyň häzirki teklibi Senatda kabul edilen halatynda, Jon Kerri Hillari Klintonyň ornuny eýelär.

Analitikler häzirki wagt Senatyň Daşary gatnaşyklar Komitetine ýolbaşçylyk edýän Jon Kerriniň kandidaturasynyň Senatda uly goldaw tapjakdygyny çaklaýarlar.

Jon Kerri 2004-nji ýylda Demokratik partiýadan prezidentlige dalaş edipdi we örän az tapawut bilen Jorj Buşdan ýeňilipdi.
XS
SM
MD
LG