Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ýerli korrupsiýada daşary ýurt hökümetlerini aýyplady


Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý öz ýurdunda giň ýaýran korrupsiýa problemasynda daşary ýurtlaryň hökümetlerini aýyplap çykyş etdi.

Ol daşary ýurt hökümetleriniň döreden bu problemasynyň Owganystanda kanunçylygy ýola goýmak ugrunda öz alyp barýan tagallalarynyň öňüne-de böwet bolýandygyny aýtdy.

Şenbe güni telewideniýede eden bu baradaky çykyşynda Hamid Karzaý Owganystanda daşary ýurtlularyň “gümürtik işler” üçin töleýän millionlarça dollar bikanun puly bilen deňeşdirilende ýerli para tölegleriniň ujypsyzja zatdygyny nygtady.

Käbir halkara donorlary hem Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan tagallalaryň öňüne bu ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň böwet bolýandygyny aýdýarlar.

Şeýle hem, donor toparlar Owganystanyň hökümetini özüniň syýasy soýuzdaşlary bilen dahylly bolan korrupsiýa işleri boýunça jenaýat işlerini gozgamaýanlykda tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG