Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan 131 sany internet saýtyny petiklemekçi


Täjigistanyň Döwlet aragatnaşyk gullugy ýurduň internet prowaýderlerine 131 sany internet saýtyny petiklemek barada görkezme berdi.

Döwlet aragatnaşyk gullugynyň anna güni ýaýradan bu resmi buýrugynda görkezilen saýtlar aglaba aýdym-saz we wideo ýazgylaryny ýaýradyjy saýtlardan ybarat. Ýöne olaryň hatarynda rus dilli “Vkontakte” we “Odnoklassniki” ýaly sosial internet ulgamlary-da bar.

Mundan daşary, Täjigistanda petiklenmeli edilen saýtlaryň hatarynda “Twitter” hem-de “YouTube” saýtynyň täjik dilindäki wersiýasynyň-da bardygy aýdylýar.

Täjigistanyň häkimiýetleriniň bu kararynyň näme bilen baglanyşyklydygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG