Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jurabek Murodow: “Biziň ählimiz doganlardyrys”


Tanymal aýdymçy Jurabek Murodowyň Duşenbe şäherinde çykyş edýän pursady. Duşenbe, 1-nji oktýabr, 2011.
Tanymal aýdymçy Jurabek Murodowyň Duşenbe şäherinde çykyş edýän pursady. Duşenbe, 1-nji oktýabr, 2011.
Täjik halky geçip barýan ýyly aýdym-saz hem dabara bilen jemleýär. Bu dabaralara dünýä belli aýdymçy Jurabek Murodow sebäp boldy.

Golaýda paýtagt Duşenbe şäherindäki Kohi Borbod adyndaky iň uly konsertler zalynda ussat aýdymçynyň dünýä inen gününiň 70 ýyllygy hem onuň döredijilik işiniň 50 ýyllygy dabaraly bellendi. Bu waka bagyşlanan dabaralar ondan öň hem soň dürli çäklerde, aýratynam radiodyr telewideniýede bellenilip gelindi.

Ussat aýdymçy öz ene topragynyň çäklerinden has daşarlarda, şol sanda türkmenleriň arasynda-da meşhurdyr.

Jurabek Murodow Owagynystanda, Eýranda, Päkistanda, Hindistanda, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda hem Türkiýede, Günbatar döwletlerinde, Ýaponiýada ençeme gezek konsert berdi.

Ol Täjigistanyň halk artisti diýen hormatly ada hem ençeme döwlet baýraklaryna mynasyp boldy. Oňa 1979-njy ýylda SSSR-iň halk artisti diýen ýokary at berildi.

Jurabek Murodow 1987-nji ýylda Ýaponiýanyň “Min-on”, ýagny “Ýüpek ýol” konsertler bileleşiginiň altyn medalyna mynasyp boldy. Jurabek Murodowyň beýik hyzmaty barada ençeme kitap ýazyldy hem dokumental filmler surata düşürildi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally bu beýik täjik sungat ussadyny telefon arkaly ýubileý toýy bilen gutlady we onuň bilen söhbetdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG