Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Media barada täze kanuna garaldy


Türkmenistandaky döwürleýin neşirleriň aglabasynyň uçreditel-howandary prezident G.Berdimuhamedow bolup durýar.

Türkmenistandaky döwürleýin neşirleriň aglabasynyň uçreditel-howandary prezident G.Berdimuhamedow bolup durýar.

Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda deputatlar birnäçe täze kanuny proýektlere we üýtgetmelere garadylar.

Adatdakylardan tapawutlylykda, bu gezek Mejlisiň maslahatyna käbir degişli ministrlikleriň we edaralaryň, hukuk we kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň we habar serişdeleriniň wekilleri-de çagyryldy.

Mejlisiň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan birnäçe kanuny proýektiň hatarynda “Köpçülikleýin habar serişdeleri” baradaky täze kanunyň taslamasy-da boldy.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu kanuny taslamanyň “milli habar serişdeleriniň işini döwrüň talaplaryna hem-de ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşleriň maksatlaryna laýyk getirmek” maksady bilen taýýarlanandygyny habar berýär.

Bu baradaky zerurlyklaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan nygtalandygy-da bellenilip geçilýär.

Bu täze kanunyň taslamasy barada çykyş eden deputatlar häzirki döwürde köpçülikleýin habar serişdeleriniň döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary kadalaşdyrýan özboluşly bir mehanizm bolup durýandygyny nygtadylar.

Täze düzgünler indi belli bolmaly

Şol bir wagtyň özünde-de, deputatlar habar serişdeleriniň işiniň kanuna hem-de moral-etiki normalara eýermekligiň çäklerinde alnyp gidilmelidigini-de bellediler.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi “Köpçülikleýin habar serişdeleri” baradaky täze kanunyn habar serişdeleriniň işini we olaryň jemgyýet bilen gatnaşyklaryny şu ýokarda agzalan talaplara laýyklykda kadalaşdyrjakdygyny habar berýär.

Mundan daşary, bu täze kanunyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumat toplamak, maglumatlary taýýarlamak hem-de ýaýratmak bilen baglanyşykly işlerini-de kadalaşdyrjakdygy aýdylýar. Şeýle hem, bu kanun maglumat taýýarlamaklygy we ýaýratmaklygy amala aşyrýan subýektleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiliklerini-de kesgitlär.

Ýöne, şeýle-de bolsa, köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky ozalky kanunyň düzgünlerinden tapawutlylykda, Türkmenistanyň bu täze kanunynyň esasynda indi nähili täze düzgünleriň güýje giriziljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Şenbe günki maslahatda Mejlisiň deputatlary şu we beýleki kanuny taslamalaryň ählisini biragyzdan kabul etdiler. Indi bu kanuny taslamalaryň doly güýje girmegi üçin olary prezident oz goly bilen tassyklamaly.

Häzirki wagt Türkmenistanda bir resmi habar agentliginiň, ýedi sany milli telekanalyň, bäş sany ýerli radiostansiýanyň, şeýle hem 39 sany döwürleýin neşiriň bardygy habar berilýär. Olardan aglabasynyň uçreditel-howandary prezident G.Berdimuhamedow bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG