Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa: Montiniň wezipeden çekilmeginden soň, parlament dargadyldy


Wezipeden çekilen Italiýanyň premýer-ministri Mario Monti geljekki parlament saýlawlarynda özüne Silwio Berluskoniniň syýasy partiýasynyň öňüni çekmek barada teklip gelip gowşaýsa, beýle teklibi kabul etmejekdigini aýtdy.

Ýekşenbe güni metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda ol haýsydyr bir başga “ygtybarly syýasy güýçden” parlament saýlawlaryna gatnaşmak barada teklip gelip gowuşsa, onda bu barada özüniň oýlanjakdygyny belledi.

Mario Montiniň premýer-ministrlik wezipesinden çekilmeginiň yzy bilen, prezident Giorgio Napolitano şenbe güni Italiýanyň parlamentini dargatdy. Indi parlament saýlawlaryny geljek ýylyň fewralynda geçirmeklik planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG