Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Musulman doganlygy” referendumda ýeňiş gazanandygyny aýdýar


Müsürde täze konstitusiýanyň taslamasyna ses bermek boýunça şenbe güni geçirilen ähliumumy referendumyň ikinji tapgyrynyň yzy bilen “Musulman doganlygy” partiýasy täze konstitusiýanyň uly goldaw tapandygyny yglan etdi.

Ýekşenbe güni “Musulman doganlygy” partiýasy deslapky ses sanawlarynyň tutuş ýurt boýunça täze konstitusiýany ses berijileriň 64 prosentiniň goldandygyny görkezýändigini mälim etdi.

Ýöne Müsürdäki bu referendumyň gutarnykly netijesi resmi ýagdaýda ýene birnäçe günden yglan ediler diýlip garaşylýar.

Bu konstitusiýanyň tankytçylary täze konstitusiýanyň yslamçy partiýalaryň isleglerine laýyklykda düzülendigini we onuň aýal-gyzlaryň hem-de dini azlyklaryň hukuklaryny göz öňünde tutmaýandygyny aýdyp, muny tankyt edýärler.

Prezident Muhammad Mürsi täze konstitusiýanyň kabul edilmeginiň Müsüri demokratiýa tarap öňe iterjekdigini nygtap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG