Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide bir ýaş gyzyň jynsy taýdan köpçülikleýin zorlanmagyna garşy gahar-gazaply protestler ýekşenbe güni ýene ikilenji gün dowam etdi.
Nýu-Deliniň merkezine ýygnanan müňlerçe protestçi 16-njy dekabrda bir ýaş gyzy jynsy taýdan zorlap, ony we onuň duşuşýan ýigidini awtobusdan zyňan alty adama ölüm jezasynyň berilmegini talap edýärler.
Hepdäniň şenbe güni hem protestçiler Nýu-Delide “Zorlaýjylara ölüm!”, “Biz adalatlylygyň dabaralanmagyny isleýäris!” diýen ýaly şygarlar bilen çykyş etdiler.
Nýu-Deliniň keselhanasynyň resmileri jynsy taýdan zorlanan we awtobusdan zyňlan bu gyzyň häzirki wagt saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar.