Sepleriň elýeterliligi

Emomoli Rahmonyň işine bagyşlanan filmler satuwa çykaryldy


Täjigistanda Täze ýyl baýramynyň öňýany “Täjikkino” döwlet studiýasy prezident Emomoli Rahmonyň işlerine bagyşlanylan ýörite dokumental filmler toplumyny satuwa çykardy.

27 sany DWD diskini öz içine alýan bu filmlerde Emomoli Rahmonyň 20 ýyllyk prezidentlik karýerasynyň döwründe eden işleri görkezilýär.

DWD disklerinden 20-si onuň 20 ýyllyk prezidentligine bagyşlanan, galan 7-si bolsa onuň ýurduň dürli pudaklaryny ösdürmekde görkezen rollaryna bagyşlanan.

Bu filmler kolleksiýasy häzirki wagt paýtagt Duşenbäniň merkezi dükanlaryna hem-de söwda bazarlaryndaky ýörite dükanlara satuwa çykaryldy. 27 diski öz içine alýan gutularyň bahasy 270 soma, ýagny 56 dollar 70 sente deň.
XS
SM
MD
LG