Sepleriň elýeterliligi

Dumanyň kanun taslamasyna garşy gol ýygnaýyşlyk geçirilýär


Orsýetiň parlamentiniň şu geçen hepde kabul eden we orsýetli çagalaryň amerikalylar tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alynmagyna gadaganlyk girizýän kanunynyň taslamasyna garşy internetde gol ýygnaýyşlyk çäresi geçirilýär.

Şu günki gün bu baradaky çagyryşa 32 müňden gowrak adam öz goluny goýupdyr. Bu gol ýygnaýyşlyga gatnaşyjylar Birleşen Ştatlaryň hökümetini Orsýetiň Döwlet Dumasynda bu kanuny goldap ses beren deputatlara garşy sanksiýa girizmeklige çagyrýarlar.

Gol ýygnaýjylar Orsýetiň bu deputatlarynyň adynyň ýakynda ABŞ-da kabul edilen “Sergeý Magnitskiý” kanunyndaky sanksiýa yglan edilen resmileriň sanawyna goşulmalydygyny öňe sürýärler.

Bu gol ýygnaýyşlyk çäresi, aýratynam, rus dilli sosial media saýtlarynda has aktiw alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG