Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Zenan sudýanyň adaty bolmadyk teklibini paş etdi


"Meniň maksadym aýak üstüne galyp, korrupsiýadan dynmakdy" diýip, Dewa belleýär. (Arhiw suraty)

"Meniň maksadym aýak üstüne galyp, korrupsiýadan dynmakdy" diýip, Dewa belleýär. (Arhiw suraty)

Owganystanyň hukuk sistemasynda korrupsiýanyň giňden ýaýrandygyny mese-mälim edip görkezýän bir sud işinde ýokary derejeli bir sudýa para almaga synanyşanlykda günäli tapylyp, wezipesinden boşadyldy.

Bu sudýanyň wezipeden boşadylmagyna sebäp bolan - bir ýaş gelniň talak meselesinde öz tarapynda durmagy üçin onuň para hem özüne äre çykmagy talap edişini gizlin ýazga geçirendigidir.

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda ýaşaýan sudýa Zahoruddin bu ýaş gelne jaň edip, adamsyndan aýrylyşmagy üçin oňa kömek etjekdigini aýdypdyr. Ýöne onuň bilen duşuşanda, özüniň edýän bu hyzmaty üçin ondan iki müň dollar çemesi pul sorapdyr. Zenan mundan ýüz öwrende, ol özüne durmuşa çykmagyny talap edipdir.

Dewa diýip tanalýan bu gelin onuň talabyny ret edip, ýazga alan gepleşigini Kabuldaky ýokary suda iberipdir.

Bu iş barada öten hepde derňew geçirilende 65 ýaşly sudýa özüne bildirilýän aýyplamalary berk inkär edip, öýlenme gürrüňiniň diňe bir "degişmedigini" aýtdy. Ol 22 ýaşly erkin žurnalist Dewany bu ýazgyny gurnanlykda, özüni garalamak barada bir dildüwşüge gatnaşýanlykda aýyplady.

Zahoruddin şikaýat suduna ýüz tutsa-da, Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabadyň bir sudy tarapyndan ol 19-njy dekabrda para almakda we korrupsiýada günäli tapyldy.

Nangarharyň şikaýat sudunyň baş sudýasy Fazil Hadi Fazil ýene bir ýokary derejeli sudýa Tähir Rohany barada hem polisiýanyň derňew işini alyp barýandygyny bildirdi: "Biziň başlyklarymyz bular ýaly aýyplamalara gaty çynlakaý garaýarlar. Nangarharyň maşgala sudunda ýokary derejeli sudýa bolan Tahir Rohany barada hem Ýokary sud tarapyndan barlag geçirilip, ondan sorag edilýär. Sud bu barada basym bir karar çykarar".

'Diri galyp, bu erkinlikden lezzet almarsyň'

Geçen birnäçe hepdäni Kabulda gizlenip geçiren Dewa suduň hökümini hoşallyk bilen garşylady. Ol alan gizlin ýazgysy ile ýaýransoň, sudýa tarapyndan özüne "sen diri galmarsyň" diýip, haýbat atylandygyny aýdýar: "Meniň bu aýdýanlarym jemgyýetçilige ýetensoň, munuň üstünden kän wagt geçmänkä, maňa bir telefon geldi. Ol (Zahoruddin) maňa 'Sen öz isleýän zadyňy aldyň, indi bolsa meni hemmeleriň ýanynda biabraý etdiň' diýdi. Ol maňa 'Diri galyp, bu erkinlikden lezzet almarsyň' diýdi".

Zahoruddiniň garşysyna höküm çykan-da bolsa, Dewa medianyň bu ýagdaýa üns bermegi netijesinde özünden öç alynma mümkinçiligine ýol açylandygyny, ýöne özüniň ýurtda giňden ýaýran korrupsiýa garşy durmagyna ökünmeýändigini nygtaýar: "Meniň maksadym aýak üstüne galyp, korrupsiýadan dynmakdy. Janym howpa düşmez ýaly howpsuzlygym barada hökümetiň maňa kömek etmegini isleýärin. Men öz dogduk şäherim Nangarhary terk etdim. Indi yzyma dolanmakçy däl".

Hökümete degişli däl ýerli gurama "Integrity Watch Afganistan" korrupsiýany özleriniň iň uly problemalarynyň biri diýip atlandyryp gelen owganlaryň ýylda berýän paralaryny bir milliard dollara barabar - ýurduň tutuş ýyllyk içerki önüminiň takmynan 5 prosenti - diýip çaklaýar.

Zahoruddiniň höküm edilmegi korrupsiýa garşy göreşde gazanylýan seýrek üstünlikleriň biri. Prezident Hamid Karzaý ýurdy korrupsiýadan saplajak diýip ençeme gezek aýtsa-da, synçylar onuň bu inisiatiwalarynyň beren netijesi köp bolmaz diýýärler. Sebäbi hökümet ýokary derejelerde bolýan korrupsiýany indi derňemeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG