Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Polisiýanyň aýal işgäri bir daşary ýurtlyny öldürdi


Owganystanyň paýtagty Kabulda polisiýanyň bir aýal işgäri daşary ýurtly raýaty atyp öldürdi.

NATO-nyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, Owganystanyň Milli polisiýasyna tälim beren daşary ýurtly erkek, polisiýanyň binasynda atylypdyr.

Bu aralykda ýurduň Jowzjan welaýatynda bir polisiýa işgäri özüniň bäş kärdeşini atyp öldürdi. Ýerli polisiýa başlygy Abdullah Aziz Ghairatyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümçi gaçyp “Talyban” söweşijileriniň hataryna goşulypdyr. “Talyban” hereketiniň metbugat wekili muny tassyklady.
XS
SM
MD
LG