Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň prezidenti ýurduň täze hökümetini belledi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýurduň täze hökümetini belledi. Ozlaky hökümet oktýabrdaky saýlawlardan soň, dargadylypdy.

Ýanukowiçiň bu baradaky görkezmesi duşenbe güni prezidentiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. Oňa görä, Ukrainanyň maliýe we içeri işler ministrleri täzeden bu wezipelere bellenipdir.

Leonid Kožara daşary işler ministri, Pawlo Lebedew bolsa goranmak ministri wezipelerine bellendi.

13-nji oktýabrda Ukrainanyň parlamenti ýurduň premýer-ministri hökmünde Mykola Azarowy täzeden bu wezipä tassyklady. Şol maslahatda deputatlar öz aralynda ýakalaşypdylar.
XS
SM
MD
LG