Sepleriň elýeterliligi

Putin Hindistana harby uçarlary satmak baradaky ylalaşyga geldi


Orsýet Hindistany harby uçarlar bilen üpjün eder. Umumy bahasy 3 milliard dollara barabar bolan bu baradaky ylalyşklara prezident Wladimir Putiniň Nýu-Delä edýän saparynyň çäklerinde gelindi.

Putin duşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen geçiren gepleşikleriniň “iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyny, şeýle-de iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine itergi berjekdigini” aýtdy.

Singh hem öz gezeginde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösjekdigine ynanýandygyny belledi.

Saparyň dowamynda söwda, energiýa we tehnologiýa ylalaşyklaryna hem gol goýulmagyna garaşylýar.

Hindistan özüniň ýaraglarynyň aglabasyny Orsýetden satyn alýar.
XS
SM
MD
LG