Sepleriň elýeterliligi

Siriýada howa hüjüminde onlarça adam öldi


Siriýanyň Hama welaýatynda çörek satylýan dükana edilen howa zarbasynda onlarça adam öldi.

Geçen hepde gozgalaňçylar tarapyndan ele geçirilen Halfaýa şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni adamlar çörek almaga nobata duran mahaly amala aşyrylan hüjümde, azyndan 90 adam ölüpdir.

Şol bir wagtda aktiwistleriň berýän maglumatyna laýyklykda, ýekşenbe güni Siriýadaky gazaplylyk sebäpli, azyndan 180 adam ölüpdir.

Siriýa boýunça halkara wekil Lakhdar Brahimi gepleşikleri geçirmek üçin duşenbe güni Damaska barýar. Onuň prezident Başar al-Assad bilen hem duşuşjakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG