Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Öňki prezident Otunbaýewa henizem iş başynda


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Roza Otunbaýewa, Waşington, dekabr, 2012.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Roza Otunbaýewa, Waşington, dekabr, 2012.

Gyrgyz rewolýusiýasynyň lideri Roza Otunbaýewanyň oppozisioner hökmünde äden ilkinji ädimleri ony Merkezi Aziýa döwletiniň birinji lideri wezipesine getirip, taryhda uly yz galdyrypdy. Geçen ýylyň dekabr aýynda Otunbaýewa 20 aýyň dowamynda Gyrgyzystany dolandyrandan soň, ýurduň wagtlaýyn lideri wezipesini demokratik ýoly arkaly terk edipdi.

Roza Otunbaewa bir ýyl mundan ozal döwlet başyndan çekilen hem bolsa ol halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinden düşmedi. 62 ýaşly Otunbaýewa öz gujur-gaýratyny elden bermedi.

Ol hökümetiň geňeşçisi hökmünde uly rol oýnaýar. Otunbaýewa bu barada ýakynda Waşingtona eden saparynyň dowamynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Otunbaýewa Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew we premýer-ministr Jantoro Satybaldiýew bilen yzygiderli duşuşýandygyny, raýatlar bilen duşuşyklary we daşary ýurtlara edýan saparlary barada maglumat berýandigini habar berdi.

Syýasata dolanmak

Şol bir wgatda-da Otunbaýewa esasan jemgyýetçilik işlerini alyp barýan hem bolsa, ol günleriň birinde syýasata dolanmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýar.

“Men syýasata dolanyp barjagymy aýdyp biljek dal, emma biziň başlan işimiziň üstünlikli bolmagy ugrunda göreşjekdigimizi belläsim gelýär. Biz bu ugruň şowsuzlyga uçramagyna ýol bermeris. Şeýlleikde biz muny gaýtadan goldamaga taýýar”, diýip Otunbaýewa aýtdy.

Otunbaýewanyň öz ýurdundaky täsiri we günbatar ýurtlardaky abraýy onuň wezipesinden çekileli bäri Waşingtona eden birinji saparynyň dowamynda aýratyn nygtaldy.

Otunbaýewa saparynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun we ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klinton bilen geçiren duşuşyklaryndan daşary Döwlet departamentiniň baş resmileri bilen hem duşuşdy.

“Roza Otunbaýewanyň inisiatiwasy”

Ýokary derejeli duşuşyklary bilen bir wagtda Otunbaýewa öz işlerini hem ýatdan çykarmady. Ol Bişkekde esaslandyran hökümete degişli bolmadyk guramasyny hasaba goýmakçy bolýar we öz inisiatiwasynyň amerikan maýa goýumlary esasynda maliýeleşdirilmegini isleýär.

Otunbaýewanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol öz wagtynyň uly bölegini geçen ýylda döredilen “Roza Otunbaýewanyň inisiatiwasy” atly fonduna sarp edýär. Otunbaýewa özüniň “ýekeje salym boş oturmaýandygyny” aýtdy.

Bu fonduň işi Gyrgyzystanyň käbir agyr sosial problemalarynyň çözgüdine gönükdirilýär.

Otunbaýewanyň sözlerine göra, bu problemalar çagalar üçin başlangyç bilimiň kemçiligine, yurduň daşyna gidýän zähmet migrantlar meselesine, aýallar üçin mümkinçilikleriň çäklidigine, ýaşlaryň medeni taýdan baýlaşmagy üçin mümkinçilikleriň azdygyna we Gyrgyzystanyň goňşy döwletler bilen söwda derejesiniň pesdigine degişli.

XS
SM
MD
LG