Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatarly awtor musulman immigrantlar barada


Kanadanyň “Globe and Mail” neşriniň Ýewropa býurosynyň müdiri Doug Saunders
Kanadanyň “Globe and Mail” neşriniň Ýewropa býurosynyň müdiri Doug Saunders

Günbatar ýurtlaryna göçüp barýan immigrantlar adatça köp çagaly bolýarlar. Şeýlelikde, olaryň günleriň birinde şol ýurtlarda köplüge öwrülmekleri ähtimal. Olar terrorçylary goldaýarlarmy? Olar özlerine başpena beren ýurtlary ýigrenýärlermi?

Doug Saunders bu sowallara “ýok, ýok, we ýene bir gezek ýok”, diýip jogap berýär. Kanadanyň “Globe and Mail” neşriniň Ýewropa býurosynyň müdiri Saundersyň “Musulmanlar baradaky mif: Immigrantlar Günbatara howp salýarlarmy?”, diýen sözbaşyly täze kitaby immigrantlar barada giňden ýaýran pikirleriň ýalňyşdygyny görkezýän faktlary öz içine alýar.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy Doug Saunders bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz bu kitaby ýazmagyňyzdan ozal gitdigiçe üýtgäp barýan Londonda ýaşapdyňyz. Siziň musulman immigrantlar bilen bagly meselä üns bermegiňizi ilatyň düzüminiň uýtgemegine reaksiýa hökmünde kabul edip bolarmy?

Doug Saunders: Men mydama immigrantlaryň köp bolan ýerinde ýaşapdym, şonuň üçin men başgaça görünýän we özlerini başgaça alyp barýan adamlara öwrenişen. Emma günbatar şäherleriniň beleki ýaşaýjylary ýaly menem 11-nji sentýabrdaky terraktlardan soň hijaply aýallaryň we sakgally adamlaryň ýaşaýan ýerlerine we metjitleriň daşyna üýşýän musulmanlara şübheli garap başlapdym. Bu adamlaryň terraktlara we ekstremizme nähili gatnaşygy barka, diýen sowallar mende-de döräp başlapdy. Şol bir wagtyň özünde-de ekstremiz bilen bagly wakalar meniň ýaşaýan şäherimiň Londonyň durmuşyny agyrlaşdyrypdy.

Meniň ýaşaýan ýerimiň golaýyndaky metjit belli bir wagt aralygynda “Al-Kaýdany” goldaýan ekstremistleriň goly astynda bolupdy. Meniň goňşularymyň biri 2005-nji ýylyň 7-nji iýulynda bolan bomba partlamasynda iki aýagyndan mahrum bolupdy. Şeýlelikde, biz ekstremizmiň we terrroçylygyň täsiri bilen ýakyndan tanyş bolupdyk. Şol bir wagtda-da biziň ýaşaýan raýonymyzda Bangledeşden, Türkiýeden, Gündogar Afrikadan we Päkistandan gelýän adamlar köpelýärdi. Bu ýagdaýda men yslamyň günbatar jemgyýetini gurşap alýandygy baradaky kitaplary satyn alýan adamlaryň rasistler ýa-da çydamsyz adamlar däl-de, meniň özüm ýaly liberal pikirli adamlardygyna göz ýetirdim.

Olaryň immigrasiýanyň soňky tolkunlarynyň ozlakylaryndan tapawutlanýandygyndan, täze gelýänleriň çydamlylyga we köppikirlilige esaslanýan jemgyýetimize howp döredip bilmeginden howatyrlanýan adamlardygyna düşündim. Men şonda boldy, indi bu meseläni derňemegiň wagty geldi, diýen karara geldim.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz derňewleriňize başlanda köp material toplapdyňyz, faktlar köpmi?

Doug Saunders: Biz 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soňky döwürde musulman kitaplarynyň köpelýändigini, munuň bilen bilelikde Demirgazyk Afrikadan, Hindistan subkontinentinden we Ýakyn Gündogardan gelýän immigrantlaryň sanynyň köpelýändigini, şeýle-de köp ýerlerde ekstremizmiň we terrorçylygyň güýçlenýändigini görýäris. Bu ýagdaý bilen bir wagtda immigrantlaryň soňky akymlarynyň ozalkylaryndan tapawutlanýandygy, olaryň öz barýan jemgyýetlerine aralaşman, oz dinini hem däp-dessurlaryny öňe sürüp, Günbatar gymmatlyklaryna hem demokratiýa wehim salýandyklary barada aýdýan adamlar hem köpeldi.

Şeýle pikirler ençeme meşgur kitaplaryň ýazylmagyna itergi berdi, birnäçe syýasy pikirleriň öňe sürülmegine getirdi, Gollandiýada, Şwesiýada we Fransiýada kanun döredijileriň arasynda durnukly pozisiýa eýeledi. Emma bu pikir takyk faktlar bilen tassyklanylmady. Men adamlaryň bu pikire ynanmaklarynyň internetde peýda bolýan tassyklanmadyk bir ideýalara esaslanýandygyna, on ýyldan gowrak döwrüň dowamynda bir gezgem barlanmandygyna göz ýetirdim.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň gozgaýan problemalaryňyz maşgala derejesinden başlap, dinçilik we terrorçylara duýgudaşlyk ýaly meseleleri öz içne alýar. Musulmanlaryň sanynyň köpelmegi we käbir ýewropa yurtlarynda musulmanlaryň ilatyň aglaba köpçüligine öwrülmegi baradaky pikirler näderejede hakykata gabat gelýär?

Doug Saunders: Musulmanlaryň san taýdan tiz köpelmegi baradaky ideýa musulman maşgalalarda beýlekilere garanada has kop çaganyň dogulýandygy we Günbataryň käbir böleklerinde olaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigi baradaky pikirlere esaslanýar. Ozalky döwürlerde katolikleriň we iudeýler maşgalalary hem uly bolupdy. Biz Günbatarada musulman immigrant toparlarynyň tiz köpelýändigini bilýäris. Biz tutuş dunýäde musulman maşgalalarda has köp çagalaryň dogulýandygyny bilýäris.

Günbatara baran musulman immigrantlaryň başda köp çagaly bolandygyny görmek mümkin, bu esasan çagalar üçin has köp maliýe kömegiň berilýändigine bagly bolýar. Emma olaryň soňky üç nesline syn edip, maşgala sanyny beýleki maşgalalar bilen deňeşdirsek, musulmanlaryň köpdügi we olaryň demografiýa ýetirýän täsiri baradaky pikirleriň hakykata gabat gelmeýändigini görmek mümkin. Bu iş ýüzünde tassyklanmadyk bir çaklama bolup çykýar. Ýewropa ýaňy baran immigrantlaryň köp çaga dogmaklary, köpçülikde ýalňyş pikiriň döremegine sebäp bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Günbatar ýurtlaryna barýan immigrantlaryň radikal pikirleri ýaýradýandyklary baradaky çaklamalar nä derejede hakykata gabat gelýär?

Doug Saunders: Adamlaryň gymmatlyklary olaryň öz ýurtlaryny terk etmeklerinden soň düýpgöter üýtgeýär. Bu musulmanlara hem degişli. Men muny bäş ýyl mundan ozal ýazan kitabymda ýazmadyk bolmagym mümkin. Emma biz musulmanlaryň Günbatarda özlerini alyp baryşlaryna degişli açyşlara eýe bolduk. Immigrantlaryň ýaşaýan ýurtlaryndaky garaýyşlary we gymmatlyklary bilen olaryň gelip-çykan ýurtlaryndaky garaýyşlary we gymmatlyklary arasynda uly tapawut bar. Olaryň garaýyşlarynyň üýgeýändigini görmek mümkin.

Germaniýada musulmanlaryň aglaba köpüsini türkler emele getirýärler, olaryň 40%-ti gomoseksualizmi ret etmeýärler. Türkiýede bolsa şeýle pikirli ilatyň sany 0% ýakyn. Fransiýadaky musulmanlaryň çak bilen 20%-ti hiç bir dine ynanmaýar. Musulmanlaryň diňe 5%-ti yzygiderli metjide barýar. Bu sanlar fransuz hristianlaryň garaýyşlaryna deň gelýär.

Musulman immigrantlaryň ýurduň demokratik gymmatlyklaryna we dünýewi institutlaryna loýallygynyň derejesi hem ýokary. Käbir halatlarda bu dereje ýurduň öz raýatlarynyňkydan hem has ýokary. Bu ençeme barlaglar bilen subut edildi. Dürli guramalaryň barlaglary netijesinde şeýle pikire gelindi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Käbir musulman immigrantlaryň terrorçylary goldap, öz goňşularyna wehim salmakdan çekinmeýändikleri baradaky pikirler babatynda näme diýip bilersiňiz?

Doug Saunders: ABŞ-da çap bolan we soňky onýyllykda meşhur kitaplarda, publisistika maglumatlarda we internetdäki bloglarda köp gaýtalanan maglumatlara görä, musulmanlaryň ýedi prosenti “hak iş üçin” parahat raýatlara hüjüm edilmegini dogry, diýip hasap edýär. Men bu maglumaty eşidenimde, ýedi prosentiň gaty uly görkezijidigine göz ýetirip, örän howatyrlanypdym. Emma köpçülikleýin agzalmaýan başga-da sanlar bar, ýagny musulman bolmadyk amerikanlaryň 28% “hak iş üçin” graždan obýektlere hüjüm edilmegini dogry hasap edýär. Şeýlelikde, Günbatarda musulmanlaryň ekstremizme, musulman bolmadyk ilatdan has köp ýykgyn edýändigini tassyklap biljek subutnama göze ilmeýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz öz kitabyňyzda gorkudan gelip çykýan boş pikirleri ýalana çykarmak üçin barlaglaryň netijelerine we statistika esaslanýarsyňyz. Bu faktlar ýalňyş pikirlerden üstün çykmaga näderejede ukyply bolar, diýip pikir edýärsiňiz?

Doug Saunders: Men musulmanlaryň perişde ýaly päkdigini aýdamok. Men yslamy gorap çykyş etmeýärin, meniň özüm dine uýýan adam hem däl. Bu ýerde meniň şahsy garaýyşym ýok. Men käbir problemalaryň bardygyny ret etmeýärin. Uly problemalar bar, meselem musulman immigrantlaryň ikinji nesliniň arasynda antisemitizm problemasy bar, yslam ekstremizmine degişli problemalar bar.

Şeýlelikde men, geliň, hakyky zatlar barada, ýagny syýasy ekstremizm, garyplyk we integrasiýanyň öňündäki bökdençlikler ýaly zatlar barada alada edeliň diýýärin. Emma immigrasiýa arkaly Günbatary gurşap almak maksatly dini dildüwüşiklik ýa-da immigrantlaryň başga gymmatlyklara eýerýändikleri baradaky çaklamalara alada galmalyň diýýärin. Munuň üçin esas ýok.

XS
SM
MD
LG