Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany Watan edinen kürtler


Kürtler, umuman, Baýramalyda ýaşaýarlar.
Kürtler, umuman, Baýramalyda ýaşaýarlar.
Baýramaly şäherinde ýaşaýan 60 ýaşlaryndaky Emine daýza Türkmenistanda ýaşaýan etniki kürt milletindendir. Ol Türkmenistana göçüp baran kürtleriň haýsy nesliniň wekilidigini bilenok, emma ata-babalarynyň bir döwürlerde Eýrandan Türkmenistana göçüp barandygyny bilýär.

Türkmenistanly kürtleriň sany barada häzirki döwürde takyk maglumat ýok, emma resmi çeşmelere görä, 1989-njy ýylda Türkmenistanda bary-ýogy 4,400 adam kürt hökmünde sanawa alnypdyr. Olar, umuman, Baýramalyda ýaşaýarlar, paýtagtda ýerleşenleriniňde-de bardygy aýdylýar.

Emine daýza kürtçäni gowy bilýär we dinine, däp-dessurlaryna berk bolan etniki kürtlerden biri. Olaryň aglabasy yslam dininiň “şaýy” akymynyň, “ymamlyk” mezhebini tutýarlar. Däp-dessurlaryna berk bolan kürtleriň iň uly toýlary - nika toýy.

Meniň oglum, seniň gyzyň bar...

Kürtler diňe tanyş maşgalalar bilen garyndaş bolmaklygy makullaýan millet, gudaçylyk boýunça-da özlerine mahsus däpleri bar. Sawçylyga barlanda, ýigit ýa gyz tarapynyň ýaşululary tarapyndan: “Meniň oglum bar, seniň bolsa gyzyň. Gel, ikimiz garyndaş bolaly” diýen teklip bilen ýüzlenilýär ekeni.

Emine daýzanyň sözlerinden çen tutsaň, adaglamak däbine görä, ýigit tarapy bir saçak gök önüm, bir saçak gymmat bahaly şokolad, bir saçak hem datly zatlary hödür etmeli. Sawçylar gyz üçin täze egin-eşikdir, dürli ýaglyklary alyşdyryp, aýdym-saz bilen gyzyň öýüne barýarlar. Aýdym-saz hem kürtleriň toý däbiniň aýrylmaz bölegi.

“Şu gün adaglaýan bolsak, gyzyň öýünde hemme çykdajylary men çekýärin. Azyk önümlerinden tä aşpezine çenli oglan tarapy gurnamaly, hatda aşpeziniňem puluny oglan tarapy bermeli. Gyz öýi hiç bir çykdajy etmeýär. Soňra bolsa garyndaşlarymyz bilen üýşüp, gyzyň köçesine ýetenimizde, aýdym-saz bilen barýarys” diýip, Emine daýza gürrüň berýär.

Gyz adaglanandan soňra toýuň maslahatyny edýärler.

Türkmenistanda kürtler köplenç söwda bilen meşgullanýarlar, olar Eýrandan haryt getirip, Türkmenistanda satýarlar. Kürtleriň içinde döwlet edaralarynyň orta gatlaklarynda işleýänlere-de duş gelse bolýar.

Soňky wagtlarda bolsa eklenjiň ugrunda daşary ýurtlara gidýänlerem bar. Olaryň aglabasy hem ýaşlar diýip, Emine daýza aýdýar. Eýranda ýaşaýan dogan-garyndaşlary bilen gatnaşykda bolanlaryňam, özleri üçin mukaddes diýlip hasaplanýan Kerbela şäherine gidýänleriňem bardygyny gürrüň berýärler.

Beýleki etniki milletleriň hatarynda ýurdy terk eden kürtlerem bar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan kürt milletli türkmenistanlylaryň aýdanlaryndan çen tutulsa, bu göçhä-göçlük, umuman, 90-nji ýyllarda bolupdyr.

89-njy ýylda türkmenistanly kürtleriň jemi sany 4.400 adam diýlip hasaba alnan bolsa, olaryň häzirki sanlary barada takyk maglumat ýok, emma Türkmenistanda dekabryň 15-26 aralygynda geçirilýän ilat ýazuwynyň, beýleki milletler bilen bir hatarda etniki kürtleriň sanyna hem takyklyk getirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG