Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara prezidentlikden dillendi


Gülnara Karimowa
Gülnara Karimowa
Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa özüne gönükdirilen soraglara jogap bermäge ökdeläpdir. Ol öz ýurdunyň adam hukuklary boýunça alada edilýän problemalaryny çözmek ugrunda beren wadalaryny ýzygiderli yza süýşürýär.

20-nji dekabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen metbugat konferensiýada, ýurtda geçirilmegi mümkin prezidentlik saýlawlaryna özüniň gatnaşyp-gatnaşmajagy baradaky soraga gaty çekinjeňlik bilen jogap berdi.

Ol şonda: “Eger siz Hudaýy güldürmek isleseňiz, oňa bäş minut soňra etjek işiňizi aýdyň” diýip, ol “hiç haçan, hiç haçan diýmäň” diýen belli paýhasyň özbekçesini gaýtalady.

Bu 40 ýaşly Karimowanyň onuň kakasynyň mirasdüşeri bolup biljekdigi baradaky pikiriň orta atylmagy boýunça, ilkinji pursat däl. Ýurduň ilkinji we ýeke-täk prezidentiniň saglyk ýagdaýynyň gowy däldigi barada myş-myşlar ýaýraýar.

Şol myş-myşlar hem 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýurda ýolbaşçylyk edýän Karimowyň 2015-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda wezipesinden aýryljakdygy barada gürrüňleriň döremegine sebäp boldy.

Ýöne Özbegistanyň häkimiýetiniň Karimowdan Karimowanyň eline geçip-geçmejegi häzirlikçe belli däl.

Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça spesialisti Stew Swerdlow bu barada şeýle diýýär: ”Bu - bahasy 64 million dollara barabar bolan soragdyr. Bu soragyň jogabyny hemmäniň bilesi gelýär, emma onuň takyk jogabyny bilýän ýok. Bu çaý ýapraklaryny sanana meňzeýär. Meniň pikirmçe, eger Karimow özüniň ýurdy dolandyran 22-23 ýylynyň dowamynda bir zat etmegi başaran bolsa, ol hem häkimiýeti aşa gizlinlik bilen dolandyrmagydyr. Şonuň üçin bu soragyň jogabyny Karimowyň soňky pursatyna çenli bilmek kyn bolaýmasa”.

2009-njy ýylda “Wikileaks” saýty tarapyndan çap edilen ABŞ-nyň diplomatik kabelinde prezident apparatynda ýokary wezipeleri eýeleýän käbir resmilere salgylanylyp berlen maglumata görä, “Karimowa mirasdüşerlige taýýarlanýar”.

Karimowanyň kakasynyň mirasdüşeri bolmagy dinastiýa däp-dessuryna doly gabat gelýär. Bu dinastiýa däp-dessury Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Merkezi Aziýada mesgen tutan zatlardan biri.

Bu Karimowyň wezipesinden aýrylanda, özüni gazaply jezadan goramak üçin ulanmagy mümkin iň täsirli usuly bolup biler. BMG-niň hasabatlaryna görä, ol ýurdy dolandyran ýyllarynda öz garşydaşlaryny dymdyrmak üçin dürli jeza çärelerinden peýdalandy.

Orsýetiň Strategik barlaglar institutynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Aždar Gurdowyň aýtmagyna görä, Karimowyň rehimsizligi baradaky şöhraty 2005-nji ýylda bolan Andijan gyrgynçylygynda berkleşipdir.

Karimow soňky ýyllaryň dowamynda syýasy elitany gysymynyň içinde saklan hem bolsa, Gurdowyň aýtmagyna görä, “onuň hyzmatdaşlary kakadan gyza mirasdüşerligi goldajaga meňzemeýär”.

“Gülnara Karimowa kakasynyň ukyplaryna eýe däl. Karimowyň ýakyn töweregindäkiler bu ýagdaýa göz ýetirýärler. Onsoň olaryň häzirki döwürde diline berk bolup, hiç zat diýmezlikleri mümkin, ýöne şeýle pursat gelende, esasanam Yslam Karimowa bir zat bolanda, olaryň aglabasy gyzynyň prezident bolmagyna garşy çykarlar” diýip, Aždar Gurdow aýtdy.

"Guli" we "Guguşa" lakamlary bilen hem tanalýan Karimowa kino ýyldyzy ýaly görünýän keşbi hemem ýaňy-ýakynda Žerard Depardýe bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymy ýaly medeni çäreleri, şeýle-de soňky döwürlerde öz güdnelik ýaşaýşy baradaky maglumatlary internetde ýerleşdirmek endigi bilen, gyzyklanmalaryň jümmüşinde saklanýar.
XS
SM
MD
LG