Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mähri ABŞ-daky okuw tejribesi barada


ABŞ-da talyp ýokary okuw jaýyna tarap barýar.
ABŞ-da talyp ýokary okuw jaýyna tarap barýar.
Mähri ýakynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky uniwersitetleriň birini tamamlady. Ol başda Türkiýä immigrant işçi hökmünde gaýdyp, eline ABŞ-nyň ýokary okuw jaýynyň diplomyny alyp dolanan, megerem, az sanly türkmen ýaşlaryndan biri bolsa gerek.

Mähri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu üstünliginiň syrlary hemem ýeke başyňa daşary ýurtlara okuwa gitmegiň kynçylyklary we olaryň nähili hötdesinden gelip bolýandygy barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Mähri, näme üçin ABŞ-nyň ýokary okuw jaýynda ýokary bilim almagy saýladyňyz?

Mähri: Men ilki bilen Türkiýä zähmet migranty bolup gitdim. Şol döwürde men 18 ýaşymdadym, onsoň ejemiň Türkiýedäki başlygy maňa iňlis dilini öwrenmäge kömek etdi we bir ýyldan soňra maňa Kaliforniýadaky uniwersitetleriň birine dokumentlerimi tabşyrmaga kömek etdi. Meni kabul ederlerem diýip pikir etmändim, emma höwesim bolany üçin Allatagalanyň we ejemiň başlygy Ýaprak daýzanyň kömegi bilen bu işi başardym.

Azatlyk Radiosy: Baryp düşen ýeriňiz Türkmenistandan düýpli tapawutly diýen ýaly, siz nähili kynçylyklara duçar bolduňyz?

Mähri: Ilkibaşda örän kyn boldy, sebäbi dili öwrendim diýenim bilen entäk öwrenmeli zadym kändi. Onsoňam Kaliforniýanyň beýledigine hiç ynanar ýaly däldi, sebäbi biz kinofilmlerde diňe owadan kenarlary görýärdik. Meniň okuw jaýymyň ýatakhanasynyň ýagdaýy hem erbetdi, hemmeler bir ýerde ýuwunýardy, otaglaram arassa däldi, käte oglanlaram gelýärdi biziň ýaşaýan gatymyza.

Azatlyk Radiosy: Onsoň siz bu problemany nädip çözdüňiz?

Mähri: Meniň pikirimçe, men problemany çözmedim. Men o ýerdäki ýagdaýa öwrenişmeli boldum. Ondan başga-da, meniň stipendiýam ýokdy, okuwa tölemeli däldi, emma beýleki harajatlaryma özüm pul tapmaly bolýardym.

Men Türkiýede işlän döwrüm her hili hapa işlerde işläp göremsoň, o ýerde [ABŞ-da] Makdonalds ýa-da Wendy’s ýaly restoranlarda işlemek gaty aňsatdy. Emma okuw bilen birlikde birneme kyn wagtlar hem bolýardy. Onsoň ýadap gelen wagtyň diňe başyňy goýara ýer tapsaň, boldugydy. Şol sebäpli hem öwrenişdim diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Mähri, şeýle kynçylyklary başdan geçireniňizde Türkmenistany, maşgalaňyzy küýseýärdiňizmi? Öýüňize gitmegi arzuw edýärdiňizmi?

Mähri: Käwagtlar şeýle bir arzuw edýärdim! Sebäbi daýzamyň iki ogly Aşgabatda okaýarlar, olaram internetde ýaşaýan ýerleriniň suratlaryny goýýardylar, men hem görüp, haýran galýardym: nähili tämiz we täzeje otaglarda ýaşaýarlar diýip.

Ähli garyndaşlarymyz bilen hem görşüp durýardylar. Emma meniň kakam ýok, ejemiň bolsa onça para bermäge-de puly bolmansoň, Türkiýä işlemäne gitmeli bolupdym. Emma barybir ahyrynda gowulyk bar ekeni. Diplom gowşuryş dabarama ejem dagy geldi.

Azatlyk Radiosy: Mähri, tejribeli adam hökmünde Amerikada, daşary ýurtlarda okamak isleýänlere nähili maslahat bermekçi?

Mähri: Hemişe internetde bolmaly, gözlegde bolmaly, emma ilki bilen okajak ugruňyzy hem anyk bilmeli. Internetde uniwersitetleriň ähli maglumaty bar, dokumentleri tabşyrmagyň ýollary hem jikme-jik düşündirilýär, her hili ýeňillikler barada-da gürrüň berilýär. Ondan başga-da hemişe özüňe ynanmaly.
XS
SM
MD
LG